Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Organ ýolbaşçylary hasabat berdi


Çarşenbe güni Aşgabatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme maslahaty geçirildi.

Goranmak ministrliginiň raýat goragy we halas ediş bölüminiň baş edarasynda geçirilen bu göçme maslahatda Döwlet howpsuzlyk geňeşine agza kanun we hukuk goraýjy organlaryň ýolbaşçylary geçen dört aýyň dowamynda öz pudaklarynda edilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Bu maslahatda prezident Berdimuhamedow prokuratura we sud organlaryna kadrlary saýlamak işlerine jogapkärçilikli çemeleşmelidigi barada aýratyn durup geçdi.

Şeýle hem, maslahatda prezident Berdimuhamedowyň käbir sudýalary wezipelerinden boşatmak we käbir sudýalaryň bolsa kategoriýalaryny beýgeltmek baradaky permanlara-da gol çekendigi habar berilýär.

Emma haýsy sudýalaryň wezipelerinden boşadylandygy barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG