Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Haryt daşaýjy zenanlaryň ýoly


Haryt daşaýjy söwdegärleriň ýadygärligi, Hytaý.
Haryt daşaýjy söwdegärleriň ýadygärligi, Hytaý.

Gazagystanda haryt daşaýan zenanlar öz maşgalalaryny eklemek üçin uzak ýerlere gatnamaly bolýarlar. Şol bir wagtda-da olaryň bazar ykdysadyýetindäki roly ýönekeý raýatlar tarapyndan minnetdarlyk bilen kabul edilýär. Häzirki wagtda olara ýadygärlik dikmek baradaky teklipler hem edilýär. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň habarçysy Aýnur Alimowa haryt daşaýan zenanlaryň gündelik durmuşy bilen ýakyndan tanyşmak üçin şeýle zenanlar bilen Hytaýyň Urumçy şäherinden Almata barýan awtobusa mündi.

Gazagystanly Walentina gujurly we örän açyk, 50 ýaşly zenan. Ol käri boýunça inžener we kartograf. Ol 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň, geodeziýa we kartografiýa boýunça öz işini ýitirip, daşary ýurtlardan haryt daşamakdan ybarat täze bir kär edinendigini gürrüň berýär.

1992-nji ýylda Walentina karz pul alyp, iki ýaşly ogluny adamsy bilen galdyryp, geýim-gejim satyn alyp getirmek üçin öýüni terk etmeli bolupdy. Getirilen harytlar Gazagystanyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda ýerleşdirilipdi. Şonda ol haryt daşamak işiniň howpsuz däldigine hem göz ýetiripdi. Ol bu hakda şeýle ýatlaýar: “Men Polşa gatnapdym. Biz Warşawa daňdan sagat 3-de barýardyk. Awtobusdan çykyp barýarkak toparymyzdan bölünen zenanlary näbelli adamlar gabap olaryň ähli pullaryny ellerinden alypdy. Hudaýa şükür, men şonda talanman gutulypdym”.

Haryt daşamagyň aýratynlyklary

Şu günki gün Walentinany maşgalalaryny eklemek üçin Gazagystanyň öz içinde we daşary ýurtlara gatnaýan müňlerçe gazagystanly zenanlaryň arasynda weteran diýip atlandyrmak mümkin.

Haryt daşaýan zenanlaryň ykdysadyýete goşýan goşandyna ýurtda uly hormat goýulýar. Gazagystanda olara ýadygärlik dikmek proýektine garalýar.

Hytaýyň Urumçy şäherinden Almata gatnaýan awtobus 30 sagat ýöreýär. Sport geýmini geýnen zenanlar awtobusyň öňünde üýşüp başlaýarlar. Olar Hytaýda öndürilen harytlar bilen ulagyň ýük bölümini dolduryp, bir-biri bilen tanyşýarlar. Gazagystanyň dürli böleklerinden gelen bu zenanlar Hytaýdan daşaýan harytlaryny Garaganda, Žanaözen we beýleki şäherleriň bazarlarynda satýarlar. Olaryň ençemesi, Walentina ýaly, bu işden 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri gazanç edýärler.

Walentina 1999-njy ýylda gazak teňňesiniň hümmetiniň gaçmagy netijesinde öz maşgalasynyň toplan pulunyň aglaba böleginden mahrum bolandygyny gürrüň berdi. Muňa garamazdan, Walentina haryt daşamak işinden el çekmedi we galan pullaryny alyp, dokma-senagat önümlerini we aýakgap satyn almak üçin Hytaýa gatnap başlady.

“Men lomaý söwda bilen meşgullanmaýaryn. Men girdejili bolar ýaly, agyr bolmadyk, emma has gymmadrak haryt daşamaga çalyşýaryn” diýip, Walentina gürrüň berýär.

Soňky 20 ýylyň dowamynda haryt daşamak biznesi has ýaýbaňlandy. Käbir söwdagärler ulag edindiler, käbirleri söwda şirketlerini, öz dükanlaryny açdylar. Käbirleri söwdagärlere, ulag sürüjilere gözegçilik edýärler we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Emma köp adam bu biznesiň iň aşaky gatynda galyp, barha güýçlenýän bäsdeşlikde bu biznes arkaly gün-güzeranyny zordan dolandyrýarlar.

Urumçy-Almaaty ýoly

Gazagystana barýan awtobusdaky zenanlar öz söwda planlary barada açyk gürrüň berýärler. Bir zenan alyp barýan harytlaryndan peýda görmek we ýol çykdajylaryny ödemek üçin Almaatynyň bazarynda satýan harytlarynyň bahasyny 30-60 prosente çenli galdyrmalydygyny aýdýar.

Hytaý bilen Gazagystanyň serhedinde zenanlaryň biri her ýolagçydan 16 dollar pul ýygnap, awtobus sürüjisine berýär. Zöhre atly bu zenanyň sözlerine görä, bu pul hytaýyň resmi edaralaryna tölenilýär. Sebäbi Gazagystanyň serhedinden geçensoň, harydyň her kilogramyna 4-5 dollar möçberde gümrük salgydy alynýar.

Haryt daşaýjy zenanlaryň uzynlygy 800 kilometrlik bu syýahaty ýarygyjeler Almaaty şäheriniň eteginde ýerleşýän bazarlarda tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG