Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Guantanamo boýunça wekil bellener


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy prezident Obamanyň ABŞ-nyň Guantanamo türmesini ýapmak meselesi boýunça iş alyp barjak ýörite bir wekil bellemekligi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Jeý Karneý şeýle wekiliň bellenen halatynda, onuň Guantanamo türmesindäki tussaglardan haýsylarynyň öz ýurtlaryna ýa-da üçünji bir ýurda ugradylyp bilinjekdigi baradaky mesele boýunça-da iş alyp barjakdygyny aýtdy.

Şu hepdäniň başynda eden çykyşynda prezident Barak Obama Guantanamo türmesini ýapmak barada ozalky beren wadasyny amala aşyrmak boýunça täzeden tagalla ediljekdigini nygtady.

Häzirki wagt Kubanyň Guantamano Beý adasyndaky bu amerikan türmesinde 166 tussag saklanýar. Olardan aglabasyna indi köp ýyllardan bäri anyk bir jenaýat aýyplamasy-da bildirilmedik. Soňky günler bu tussaglardan 100-e golaýy protest görnüşinde açlyk çekmeklerini dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG