Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ siriýaly gozgalaňçylary ýaraglandyrmak meselesine garaýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Abu Dabide geçirlen metbugat konferensiýada, 25-nji aprel, 2013.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Abu Dabide geçirlen metbugat konferensiýada, 25-nji aprel, 2013.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Obamanyň administrasiýasynyň Siriýanyň gozgalaňçylaryny ýaraglandyrmak meselesine gaýtadan garaýandygyny aýtdy.

Hageliň 2-nji maýda žurnalistlere aýtmagyna görä, administrasiýa birnäçe çärelere, şol sanda gozgalaňçylary ýaraglandyrmak meselesine seredýär.

Şol bir wagtda-da Hagel Siriýada prezident Başar Al-Assada garşy göreş alyp barýan gozgalaňçylary ýarag bilen üpjün etmekligiň paýhasly ädim boljgyna entek doly göz ýetirmändigini hem belledi. Şeýle-de ol meselä garamaklygyň entek bu kararyň kabul ediljegini aňlatmaýandygyny belledi. ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel bu meselä halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde garalmagynyň we oňa jogapkärçilikli çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi.

Amerikan ýardamy

ABŞ Siriýanyň oppozision güýçlerine ynsanperwer kömegini we adam öldürmek üçin ulanylmaýan harby enjamlary berýär. ABŞ-nyň käbir harby ýolbaşçylary gozgalaňçylara ýarag berlen ýagdaýynda onuň amerikanlara garşy çykyş edýän yslamçy toparlaryň eline düşmeginden howatyrlanma bildirdiler.

Siriýadaky gozgalaňçylara ýarag bermek meselesiniň daşyndaky diskussiýalar Siriýadaky konfliktde himiki ýaragyň ulanylýandygy barada geçen hepde-de amerikan resmileri tarapyndan öňe sürlen çaklamalardan soň güýçlenipdi.

Siriýanyň režimi we oppozisiýasy bir-birini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplaýarlar.

Siriýanyň sünni musulman gozgalaňçylarynyň Katar we Saud Arabystany tarapyndan ýarag bilen üpjün edilýändigi çak edilýär. Siriýanyň režimi bolsa öz ýaranlary Eýran we Orsýet bilen ýarag söwdasyny amala aşyrýar.

2-nji maýda prezident Barak Obama gozgalaňçylary ýarag bilen üpjün etmek meselesi bilen baglylykda howatyrlanma bildirdi we munuň konfliktiň hasam ýaýbaňlanmak töwekgelçiligini döredýändigine ünsi çekdi.

BMG-niň tagallalary

Şol bir wagtyň özünde-de BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon Siriýadaky konfliktiň soňuna çykmak boýunça edilýän halkara tagallalarynyň petige direlmegini maslahat etmek üçin Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy.

Munuň öňüsyrasynda BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýadaky konflikt boýunça ilçisi Lahdar Brahiminiň halkara derejesindäki ylalaşyksyzlyk sebäpli öz wezipesinden çekilmekçidigi barada habar berlipdi.

BMG-nyň maglumatyna görä, 2-nji maýda Ban Ki-moon Howpsuzlyk Geňeşiniň weto girizmäge hakly bäş agzasynyň, ýagny ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Orsýetiň, Fransiýanyň we Hytaýyň ilçileri bilen duşuşdy.

ABŞ bilen Orsýetiň gapma-garşylyklary halkara derejesinde umumy çäreleriň görülmegine päsgelçilik döredýär. ABŞ Siriýanyň hökümetiniň iş başyndan çekilmegini talap edýär, režimiň ýarany Orsýet bolsa halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goşulyşmaklyga garşy çykyş edýär.

Brahiminiň alyp baran işi Siriýanyň oppozisiýasy tarapyndan tankyt edildi. Siriýanyň režimi hem alžirli bu diplomat bilen işleşmekden ýüz öwürdi.

2-nji maýda Siriýanyň oppozision aktiwistleri Assadyň režimini goldaýan güýçleriň Baida obasyna hüjüm edip, azyndan 50 adamy öldürmekde aýypladylar. Emma bu maglumat garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.

BMG Siriýada iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän konflikt zerarly 70 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG