Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystandaky daýhanlaryň internetdäki dükanlary


Gyrgyzystanly daýhan
Gyrgyzystanly daýhan
Mirlan Hudaýbergenow dünýäni görmek maksady bilen Ýewropa gidipdir. Ol Gyrgyzystana halka gök önümleri internetiň üsti bilen satmaly diýen täze pikir bilen dolanyp gelipdir.

24 ýaşyndaky telekeçi fewral aýynda daýhanlaryň internetdäki ilkinji dükany bolan ”eBazar.kg” websahypasyny açdy. Geçen üç aýyň dowamynda eBazar.kg şäherde ýaşaýan müňlerçe müşderiniň ünsüni özüne çekdi.

Agzalýan internet dükany azyk önümleriniň dürli görnüşlerini, ýagny tüwi, un, şeker we süýt önümlerini hödürleýär. Emma bu dükanda ýurtda öndürilen, ýagny obalardaky daýhanlaryň özünden satyn alyp bolýan önümlere köpräk üns berilýär.

Internet dükanynyň düýbüni tutujysy Hudaýbergenowyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystan üçin beýle dükanyň açylmagy täzelik we beýle zady hatda iki ýyl mundan ozal göz öňüne getirmek asla mümkin däl.

Emma adamlar internetde söwda etmäge çalt öwrenişýärler, sebäbi bu usul amatly diýip, Hudaýbergenow aýdýar. Ol bu barada şeýle gürrüň berýär: "Biz gowy hilli önümleri arzan bahadan satyp, gowy hyzmatymyz bilen dükanlardan tapawutlanmaga çalyşýarys.

Biz "Önümi öndürijiniň özünden al" we "Müşderi hemişe mamla" diýen şygarlar esasynda iş alyp barýarys. Adaty dükanlardan tapawutlylykda, önümi halamasa, müşderiniň ony yzyna gaýtarmak mümkinçiligi bar. Biz hem ötünç sorap, kemçilikleri düzetmäge synanyşýarys".

Bäsleşik

Resmi maglumatlara laýyklykda, ýurduň 5.5 million ilatynyň ýarpysynyň internetden peýdalanmaga mümkinçiligi bar. Bu san paýtagt Bişkekde 70 prosente barabardyr. Internetden peýdalanýan adamlaryň sany hem barha artýar.

Internet dükanlary Gyrgyzystanda soňky iki-üç ýylyň dowamynda peýda bolup, olar esasan mebel, egin-eşik we elektroniki enjamlary satýardylar.

”eBazar.kg-niň” esasy bäsdeşi täzelikde açylan we, aýdylyşyna görä, 150-den gowrak ekerançylyk önümlerini hödürleýän, prodsklad.kg internet dükanydyr.
Her niçigem bolsa, bu iki dükanyň arasynda tapawut bar.

“Prodsklad.kg” azyk önümlerini lomaý görnüşinde kafelere, restoranlara we myhmanhanalara ýaýratmak bilen meşgullanýar. “eBazar.kg” bolsa, esasan, işi köp bolan adamlara, ýaş çagaly öý-hojalykçy aýallara we wagtyny sarp etmän, gök önümleriň öýlerine getirilmegini isleýänlere hyzmat etmek üçin niýetlenendir.

"Gök önümleri internetde satyn almaklyk meniň günümi iki sagat uzaltdy" diýip, hususy kafeniň eýesi Kutmanow aýdýar. Mundan ozal Kutmanow gök önümleri satyn almak üçin ertir irden şäheriň merkezindäki bazara maşynly gitmeli bolýardy.

"Men bazarda gök önümler satylýan hatarlardan birnäçe gezek geçip, bahalary deňeşdirip, ylalalaşyp, gutulary maşyna ýükläp, şäheriň beýleki çetindäki kafeme getirmeli bolýardym. Häzir bolsa men gök önümleri internetde saýlap, goşmaça iki sagat ukymy alyp bilýärin" diýip, Kutmanow gürrüň berýär.

Hyzmatlaryň nyrhy

Eger Kutmanow öz sargydyny ertir sagat sekize çenli internetde ýerleşdirse, "prodsklad.kg" talap edilen gök önümleri günortan onuň kafesine getirýär.

Kredit we debit kartlary henizem Gyrgyzystanda giňden ulanylmansoň, ýurtda iş alyp barýan internet dükanlary harytlary sargytça eltende, bahasyny diňe nagt pul bilen alýarlar. ”Prodsklad.kg” bahasy $20 bolan önümi talap edilen ýere elteni üçin $1.6 alýar.

”eBazar.kg” hem şeýleräk bahadan önümleri sargalan ýerine eltmek hyzmatlaryny hödürleýär. Ýakynda bolsa bu internet dükany, eger bir gün öňünden sargalsa, islendik önümiň sargytça ýol kireýsiz, ýagny mugt eltilip beriljekdigini yglan etdi.

Hudaýbergenow ýakyn wagtda Gyrgyzystanyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Oş, Talas, Çolpon Ata ýaly şäherlerinde hem öz biznesini ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

Mundan başga-da, ýaş telekeçi öz biznesini Gyrgyzystanyň daşynda hem ýola goýmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG