Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat azatlygynyň güni bellenýär


3-nji maýda halkara derejesinde Bütindünýä metbugat azatlygy güni bellenilip geçilýär.

Şeýle güni her ýyl belläp geçmek baradaky karar ilkinji gezek 1993-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilipdi.

Metbugat azatlygy gününi Bütindünýä derejesinde belläp geçmekden maksat raýatlaryň metbugat azatlygy barada bu fundamental hukuklaryna dünýä jemgyýetçiliginiň we hökümetleriniň ünsüni ýene bir gezek çekmekden ybarat.

BMG-niň Adam Hukuklary baradaky Ähliumumy Jarnamasynyň 19-njy maddasynda adamlaryň söz we metbugat azatlygy kanuny esasda berkidilen.

Türkmenistan metbugat azatlygy meselesinde halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň bir ýaramaz ýurtlarynyň hatarynda bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG