Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýörük-Türkmenleriň festiwaly

Gyşyň sowulmagy we baharyň gelmegi bilen Türkiýedäki Ýörük-Türkmenleriniň arasynda hem hereketlilik başlaýar. Çarwaçylyk edýän Ýörük Türkmenleri ýaýlaglara göçe taýýarlanyp, güýze çenli salkyn hem otlak ýerlere göçüp başlaýarlar.

Şäherde oturymly ýaşaýşa geçen Ýörük-Türkmenleri bolsa Türkiýäniň dürli şäherlerinde öz jemgyýetdir-guramalarynyň öňbaşçylygynda şäherlerde ýürekleri gysyp, ýaýlagy ýatlap hem öz Ýörük-Türkmen adaplaryny, däplerini unutmazlyk we ýaş nesiller bilen tanyşdyrmaklyk üçin yzgiderli medeni çäreler, toý-dabaralar, söweleňler geçirýärler.

Azatlyk Radiosy hem Türkiýedäki Ýörük-Türkmenleriniň şeýle toý-dabaradyr-süweleňleriniň birine gatnaşdy. Antalýa Ýörük-Türkmenleri jemgyýetiniň guramaçylygynda Türkiýäniň dürli ýerinden Antalýanyň Düzlerçamy seýilgähine gelen ýüzlerçe müň Ýörük Türkmeniň gatnaşan medeni çäresinde Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Bayhanyň düşüren suratlaryna tomaşa etmäge çagyrýarys.

XS
SM
MD
LG