Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çetin: Biz Oguz halkyndan


Ýörük Türkmenleri
Ýörük Türkmenleri
Bahar geldi, howa maýlady. Dag-baýyrlar gülälekler, çigildemler we çopantalpekler bilen bezeldi. Türkiýedäki çarwa Ýörük Türkmenleri hem ýaýlaglaryna göçdi.

Azatlyk Radiosy Izmiriň Torbaly etrabynda mekdep müdüri bolup, mugallymçylyk edýän, özi hem bir çarwa Ýörük Türkmeni bolan Nežat Çetin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz haçandan bäri Türkiýede türkmen halk bilimi ýagny folklory bilen gyzyklanýarsyňyz?

Nežat Çetin: On ýyldan bäri sebitimiziň taryhy we gelip-çykyşy barada ylmy işler geçirip gelýärin.

Azatlyk Radiosy: Bir türkiýeli taryhçy mugallym hem medeniýet işgäri hökmünde Türkmenistan barada näme bilýärsiňiz?

Nežat Çetin: Türkmenistana gidip-görmedim. Orta Aziýadaky türki respublikalaryň biridigini bilýäris. Biziň doganoglanlarymyz, gardaşlarymyz ol ýerde ýaşaýar. Çünki, Ýörük Türkmenleri bilen türkmenistanlylar bir halkdan ýagny Oguz halkyndan.

Ýörük Türkmen gyzy
Ýörük Türkmen gyzy
Hat-da kän biri-birimizden habarymyz bolmadyk hem bolsa şol bir zatlary ulanandygymyzy we ulanýandygymyzy bilýärin. Meselem, Ýörük Türkmenleri çadyryň-ak öýüň gurulýan ýerine “ýurt” diýýär. Aslynda gadymy oguz dilinde çadyra “ýurt” diýilipdir.

Ýagny ýaşaýan ýerimize ýurt diýýäris. Türkmenistandaky türkmenler bilen Türkiýedäki Ýörük Türkmenleri bir hepde bir ýerde bolsalar, biri-biriniň dilini derrew öwrenşip, düşünşerler diýip pikir edýärin.

Çünki, kökümiz, aslymyz bir. Biz türk milletiniň Oguz halkyndan. Türk bir milletiň adydyr. Türk milletini bolsa türkmen, gyrgyz ýaly türki dilli halklar emele getirýändir. Biziň hemmämiz Oguz hanyň, Gorkut Ataň nesilleri. Men muny hemişe aýratyn nygtaýaryn, biz Oguz halkyndan, biz türkmendiris.

Azatlyk Radiosy: Taryhçy mugallym we halk bilimi hünärmeni Nežat Çetin, Oguz-türkmen ata-babalaryňyzyň Türkiýä nireden gelendigi barada nähili maglumatlar bar?

Nežat Çetin: Hemme zatdan owal biziň aslymyz Orta Aziýadandyr. Türk halklarynyň ýurdy Orta Aziýadyr. Türk milletini emele getirýän dürli halklar, dürli tire-taýpalar bar. Biz şol Orta Aziýadan Türkiýä göçüp gelen Oguzlaryň içindäki çarwa-Ýörük Türkmenler.

Ynha şu wagt ýaýlagda bizi myhman alyp oturan maşgala garatekeli türkmenlerinden. Meniň özüm bolsa sarylar diýilýän türkmenlerden. Sarylar bolsa Oguzhanyň Kynyk agtygynyň neberelerindendir. Kynyklar Beýik Seljuk türkmen döwletini döredenler.

Bu ýerde sarytekeli we sarygeçili türkmenler hem bar. Meselem, garatekeli türkmenleriň düzümine girýän Oguz toparyna bozdoganly diýilýär. Garatekeliler bolsa, Oguzhanyň Gaýy agtygynyň Osman döwletini guran nebereledir.
Ýörük Türkmenleriň çadyry
Ýörük Türkmenleriň çadyry

Türkiýede özüni “Türk” diýip atlandyrýan her adam türkmendir we onuň hem hökman degişli bolan bir Oguz taýpasy-topary bardyr. Döwrümizde tehnologiýanyň sebäp bolýan çalt özgerişleriniň netijesinde Türkiýedäki türkmenler kimdigini soranyňda “Ýörük-Türkmeni” diýýär, emma gynansagam kimlerdendigini, aslyny bilmeýär.

Türkiýedäki çarwa Ýörük Türkmenleri soňky iki-üç asyryň dowamynda yzgiderli dürli ýerlere göçüp-durupdyrlar. Şol sebäpdenem öz asly baradaky maglumatlary unudypdyrlar. Ýöne sereden mahalyň Türkiýedäki türkmenler bilen Türkmenistandakylaryň şol bir adatlara, däp-dessurlara eýerýändigini görýärsiň.

Meselem, Türkmenistandaky çarwalar-Türkmenler düýe ulanýar, biz hem Türkiýede düýe ulanýarys, düýe bakýarys. Olar hem geçi we goýun bakýar, biz hem Türkiýede dowar bakýarys. Sebäbi hemmämziň asly, aňyrsy Orta Aziýadan we Maweraünnehirden, Horasandan, günorta-gündogar Anadolydan, Toros daglaryndan geçip, şu ýere gelipdirler.

Ynha meniň ylmy işlerimiň we beýleki taryhçylaryň geçiren barlaglaryndan çykan netije şeýle. Aramyzda başga halklardan bolanlar hem ýaşaýar. Meselem, Türkiýedäki çarwa Ýörük-Türkmenleriň arasynda “araplar' diýip atlandyrylýan bir halk hem bar.

Olar öz arasynda arapça gürleşýär. Olar meselem türkmen däl. Olaryň görnüşinden hem bellidir türkmen däldigi. Emma serediň biz nähili gowy meňzeýäris biri-birimize türkmen bolup!

Ýörük Türkmenleriň geçileri
Ýörük Türkmenleriň geçileri

Azatlyk Radiosy: Türkiýedäki Ýörük Türkmenleriň hemmesi siziň ýaly ýaýlaga göçüp, çarwa durmuşy dowam etdirýärmi? Çarwa Ýörük Türkmenleriň häzirki durmuşy nähili?

Nežat Çetin: Mundan otuz-kyrk ýyl owal Türkiýedäki Ýörük Türkmenleriň hemmesi hereketli ýagdaýdady ýagny çarwa durmuşdady. Meselem, maý aýynyň ilkinji hepdesinden başlap otlar guran başlanda biz gök otly ýerlere süýşüp başlaýarys.

Şeýlelik-de dagyň belent ýerlerinäki ýaýlaglara göçler başlaýar. Göçler yigrimi bäş we hat-da käwagt otuz güne çekýär. Kyrk bäş güläp ýol ýörelýän wagty hem bolýar. Çadyryň ýagny ak öýüň gurulmagy ýa-da sökülip, düýä ýüklenip göçmäge taýýarlanmagy ýarym sagatlyk bir işdir.

Säherden giç agşama çenli düýeler we goýun-geçiler bilen uly göç süýşüp barýandyr görseňiz. Her çarwa Ýörük Türkmen maşgalanyň ýaýlagda düşlejek ýeri hemişe belliklidir ýagny bellidir. Hiç kim başga biriniň ýaýlagyna ýa-da ýurt ýerine gitmeýär.

Güýzüň gelmegi bilen bolsa çarwa Ýörük Türkmenlerimiz güýzlük ýerlere süýşüp başlaýar we ahyrynda göç gyşlyk ýerde tamamlanýar. Ýörük Türkmenleriniň gyşlyk ýerleri şol görýän deňiz kenarlaryňyzdyr. Sebäbi gyş ol ýerler has ýyly bolýar.

Ýörük Türkmenleriň haly nagyşlary
Ýörük Türkmenleriň haly nagyşlary
Soňky otuz-kyrk ýyla çenli ynha Türkiýedäki Ýörük Türkmenleriň hemmesi diýen ýaly şeýle çarwa durmuşda ýaşaýardy. Häzir bolsa çarwa durmuşy dowam etdirýän gaty az Ýörük Türkmen maşgalasy bar.

Häzirki döwürde ýeke-täk köpçülikleýin çarwa bolup ýaşaýan Ýörük Türkmenleri, Türkiýäniň Mersin welaýatynyň Gülnar diýen etrabyndaky sarygeçili türkmenlerdir. Maýyň başynda olar Toros daglaryny pyýada aşýarlar we ýaýlaglaryna barýarlar.

Olaryň arasynda 6-7 maşgalada düýe galdy. Galanlarynda bolsa indi traktor ýaly ýük ulaglary ulanylýar. Aslynda düýesiz Ýörük Türkmeni çarwa hasaplanmaýar. Düýe çarwanyň esasy ýük ulagydyr. Göçüň agramyny düýe daşaýandyr. Göçüň gelşigi hem düýeli kerwenlerdir.

Ýedi-sekiz sany düýe bir maşgalanyň ähli goşuny daşaýar. Göçde her düýä urulýan ýüküň bir kadasy bolşy ýaly, goşly düýeleriň hatarynyň hem bir kadasy bardyr. Meselem, birinji düýä esasy eginbaşlar ýüklenýändir. Ikinji düýede monjuk çuwaly, üçünji düýede bugdaý-un çuwaly, dördünji düýä çopan itleriň iýmitleri, bäşinji we altynjy düýelere öý goşlary, ýedinji we sekizinji düýelere bolsa ak-gara öýler ýüklenýär.

Kerwenyň iň soňundaky düýede jaň bardyr. Kerwendäki düýeleriň arasyndan biri boşan mahaly jaňyň sesi gelmeýär. Çarwa Ýörük-Türkmen maşgalasynda her bir adamyň bir wezipesi bardyr.

Biri owlaklara seredýän bolsa, ýene biri tekeleri bakýandyr. Ýene biri düýelere seredýändir. Diňe öý işlerine seredýän bardyr. Çarwa Ýörük-Türkmen durmuşynda wagyň boş geçmeýär. Çörek bişirmeli, geçileri sagmaly, öýüň tertibine seretmeli, süzme-çekize, mesge ýaýmaly, keçe edip, kilim dokamaly...

Ýörük Türkmenleriň düýeleri
Ýörük Türkmenleriň düýeleri

Çarwa Ýörük-Türkmen durmuşynda gije-gündiz dowam edýän bir medeniýet we sungat hereketi bar. Igde yüň hem örülýär. Gara-ak öýleriň üstüni basyrmak üçin geçin tüýünden ýapgy dokamaly. Gara çadyrlary çarwalaryň özleri dokap, taýýarlaýar. Çarwa Ýörük-Türkmenleriň durmuşy durşy bilen tebigi ýagdaýlary öz içine alýar we hemme zady hut öz elleri bilen ýasaýarlar.

Çarwalar hiç wagt daşardan zat almaýar. Hemme zady çarwalaryň özi üpjün edýär. Türkiýedäki çarwa sarygeçili türkmenler ýetmiş-segsen ýaşynda mejbury ýagdaýda oturymly ýaşaýşa geçende ömründe ilkinji gezek lukman we derman görýär.

Her gün ortaça ýigrimi bäş kilometr ýol ýöreýän çarwa türkmenler hiç wagt kesellemeýär, olar gaty sagdyn bolýarlar we uzak ýaşaýarlar. Häzirki döwrebap durmuşda lukmanlar adamlara her gün 2-3 kilometr ýöräň diýip ýalbarýarlar.

Çarwa Ýörük-Türkmenleriň ýaşaýşy bolsa sagdynlygyň we tebigatyň hemme kadalaryna doly gabat gelýär. Meniň ene-atam haçan-da garrylygynda çarwalygy taşlap, oturumly ýaşaýşa başlanda ýasama dermandyr-iýmitleri ilkinji gezek görendigini aýdýar. Enem-atam şu wagt segsen ýaşynda we her gün daglara seredip “Meni daglar çagyrýar” diýýär.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede Ýörük-Türkmenlerine nähili baha berilýär? Olaryň jemgyýetdäki orny nähili?

Nežat Çetin: Ýörük-Türkmenleri Türkiýäniň hakyky eýeleridir. Çarwa Ýörük-Türkmenler daglaryň erkin, azat çagalarydyr. Çarwa Ýörük-Türkmenleri, Osman döwleti wagtynda esgerlik üçin zor bilen oturymly ýagdaýa geçirilmäge çalyşypdyrlar.

Çadyryň içki görnüşi
Çadyryň içki görnüşi

Patyşalar çarwa Ýörük-Türkmenlerini zor bilen oturymly ýagdaýa geçirmek üçin yzygiderli permanlar çykarypdyr. Biziň türkmenlerimiz bolsa “Perman patyşaňky bolsa, daglar biziňkidir” diýip, olara boýun egmändirler, oturymly ýaşaýyşdan ýüz öwüripdirler.

Men mejbury ýagdaýda şäher durmuşynda ýaşamaly bolýaryn. Ýüregimden sorasaň, ol “Ynha şu ýerde, şu wagt içinde oturan gara öýüňde ýaşa” diýýär. Men bu ýere çarwalaryň arasyna gelen mahalym, ruhum ynjalýar, dynç alýaryn, şähdim açylýar. Şäher ýaşaýşy adamlaryň öz erkin ruhuny saklaýan zyndanlary.

Azatlyk Radiosy: Başga ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen gatnaşygyňyz barmy?

Nežat Çetin: Elbetde bar. Soňky sekiz-on ýyldan bari yzgtderli aragatnaşygymyz bar. Çünki, Türkiýedäki Ýörük-Türkmenleri hem indi guramaçylykly herekede geçdiler. Ýörük-Türkmenleriň indi öz guramalary we jemgyýetleri bar.

Hatda olaryň federasiýa we konfederasiýalary hem bar. Ylaýta-da facebook ýaly sosýal ulgamlar arkaly beýleki türkmenler bilen biz hemişe habarlaşyp, gatnaşyp durus. Yzgyderli duşuşyp, toý-dabaralar gurnaýarys.

Antalýa, Izmir, Mugla, Uşak we Konýadaky toý-dabaralara işjeň gatnaşýarys. Meselem, geçen hepde “Keşkek” tagamy üýşmeleňi boldy. Aslynda “Keşkek” tagamy üýşmek, duşuşmaklyk üçin bir bahana.

Üýşmeleňlere öz milli eginbaşlarymyz bilen keçelerimizi, guraldyr-enjamlarymyzy alyp barýarys. Milli oýunlarymyzy oýnaýarys. Toýda-ýasda, ýigitler esgere ugradylanda, toý-dabaralarda duşuşyp durus.

Şäherde içimiz gysan mahaly bolsa ynha häzirki ýaly derrew çarwa Ýörük-Türkmenleriň arasyna gelýäris. Meselem, ynha şu wagt mallaryň jaňynyň sesi eşidilýär. Jaň sesi gulaklarymyň posuny açýar.
XS
SM
MD
LG