Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda Gilaniniň ogly ogurlandy


Penşenbe güni Pakistanyň Punjab welaýatyndaky Multan şäherinde näbelli ýaragly adamlar saýlawlar bilen bagly üýşmeleňe hüjüm edip, ýurduň ozalky premýer-ministri Ýusuf Reza Gilaniniň ogly Haýder Gilanini alyp gaçdylar.

Haýder Gilani 11-nji maýda geçiriljek saýlawlarda welaýat geňeşine dalaş etmek üçin özüni hasaba aldyrypdy.

Polisiýa Haýder Gilanini alyp gaçan ýaragly adamlaryň onuň bir janpenasyny atyp öldürendiklerini we bäş adamy ýaralandyklaryny aýdýar. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.

Penşenbe güni Pakistanyň parlamentine we ýerli geňeşlerine geçriljek saýlawlar üçin alnyp barylýan agitasiýa-propoganda kampaniýasynyň iň soňky güni. Soňky günler Pakistanda dalaşgärlere we saýlaw kampaniýalaryna edilýän hüjümler has güýçlendi.
XS
SM
MD
LG