Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-gazak demirýoly işe girizildi


Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana saparynyň barşynda Demirgazyk-Günorta demirýol liniýasynyň Türkmenistan bilen Gazagystana degişli bölekleriniň işe giriziliş dabarasyna-da gatnaşdy.

Dabarada Berdimuhamedow bilen birlikde prezident Nursoltan Nazarbaýew hem boldy. Bu dabaranyň çäklerinde resmiler Türkmenistanyň territoriýasyna geçip, ol ýerdäki “Serhetýaka” atly täze demirýol stansiýasynyň açylyş dabarasyna-da gatnaşdylar.

Bu waka bilen baglanyşykly eden çykyşlarynda iki ýurduň prezidentleri Gazagystandan başlap, Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna çykmaklyga ýol açýan bu täze demirýol liniýasynyň mümkçinliklerine ýokary baha berdiler.

Aýratynam olar täze demirýol liniýasynyň Kaspiýaka ýurtlarynyň ýüklerini Pars aýlagy ýurtlaryna we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna çykarmakda orän uly rol oýnajakdygyny bellediler.
XS
SM
MD
LG