Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guatemala: Ozalky lider 80 ýyla höküm edildi


Anna güni Guatemalanyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Efrain Rios Montty genosidde we ynsanýete garşy jenaýatçylyk etmekde günäli tapyp, ony 80 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Guatemalanyň sudy 86 ýaşly Efrain Rios Montty ýurda liderlik eden ýyllarynda ýerli indeýleri köpçülikleýin öldürmeklige görkezme berenlikde we indeýlere garşy repressiw kampaniýa alyp baranlykda günäli tapdy.

Efrain Rios Montt 1982-nji ýylda güýç ulanyp, häkimiýeti ele alypdy we bir ýyl ýurda liderlik edipdi. Onuň Guatemala liderlik eden bir ýyly bu ýurtda ýurduň harby güýçleri bilen çepçi söweşijileriň arasyndaky graždanlyk urşunyň iň bir gandöküşikli döwri hökmünde alamatlandy.

Guatemaladaky graždanlyk urşy 1960-njy ýyldan 1996-njy ýyla çenli 36 ýyllap dowam edipdi. Şu döwürde bu uruşlarda 200 müň töweregi adam öldi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG