Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara guramalary beýanat ýaýratdylar


Anna we şenbe günleri ynsan hukuklaryny goraýjy birnäçe halkara guramasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmegine alada bildirip, aýry-aýrylykda beýanat ýaýratdylar.

Hususan-da, şeýle beýanat “Amnesty International”, “Human Rights Watch” we “Serhetsiz Reportýorlar” guramalary tarapyndan ýaýradyldy. Bu guramalar öz beýanatlarynda Röwşen Ýazmuhammedowyň resmi aýyplama bildirilmezden, tussag astynda saklanmagyna alada bildirýändiklerini mälim edipdirler.

Şeýle hem, olar Türkmenistanyň häkimiýetlerini Azatlyk Radiosynyň habarçysyny haýdan-haý tussaglykdan boşatmaklyga çagyrypdyrlar.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy: “Türkmenistan ýaly şeýle ýapyk we repressiw ýurtda Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmegini onuň žurnalistik işi üçin ar alyşlykdyr diýip çaklamak üçin ähli esaslar bar” diýip belläpdir.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhammedow Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölümi tarapyndan şu hepdäniň duşenbe güni tussag astyna alnypdy. Onuň tussag edilmeginiň sebäpleri barada Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölüminden maglumat almak henizem başardanok.
XS
SM
MD
LG