Çeçenistanyň paýtagty Groznyda az hem bolsa urşuň alamatlary saklanyp galypdyr. Soňky onýyllygyň dowamynda bolup geçen uruşlarda Çeçenistanyň ençeme ýerlerine zeper ýetdi. Reuters habar gullugynyň suratçysy Maksim Şemetowyň taýýarlan fotosergisinde Çeçenistanyň gaýtadan gurlan köçelerini, täsirli täze binalaryny, şeýle-de respublikanyň lideri Ramzan Kadyrowyň we onuň kakasy Ahmad Kadyrowyň şahsyýet kultuna bagyşlanan suratlary synlamak bolýar. Ýöne ýekebaralykda bolýan gürrüňlerde köp adamlar ýurtdaky agyr ýagdaýyň we gorkynyň berk ornaşan atmosferasy barada gürrüň edýärler.
Şu günki Çeçenistan

1
Çeçenistanyň häzirki lideri Ramzan Kadyrowyň kakasy, respublikanyň ozalky prezidenti Ahmad Kadyrowyň adyny göterýän şaýolynyň ugrunda ýerleşýän täze binalaryň we “Çeçenistanyň kalby” atly metjidiň suraty.

2
Çeçenistanda bir dabaranyň dowamynda howpsuzlyk güýçleri köçäniň ugrunda daş-töwerege gözegçilik edýärler.

3
Çeçen diliniň güni bellenilip geçilýän dabarada çeçen tans toparynyň agzalarynyň ýerine ýetirýän tans hereketleri.

4
Işgärler Prezident Ahmad Kadyrowa bagyşlanan ýadygärlik toplumynda resminamalara gol çekýärler.