Çeçenistanyň paýtagty Groznyda az hem bolsa urşuň alamatlary saklanyp galypdyr. Soňky onýyllygyň dowamynda bolup geçen uruşlarda Çeçenistanyň ençeme ýerlerine zeper ýetdi. Reuters habar gullugynyň suratçysy Maksim Şemetowyň taýýarlan fotosergisinde Çeçenistanyň gaýtadan gurlan köçelerini, täsirli täze binalaryny, şeýle-de respublikanyň lideri Ramzan Kadyrowyň we onuň kakasy Ahmad Kadyrowyň şahsyýet kultuna bagyşlanan suratlary synlamak bolýar. Ýöne ýekebaralykda bolýan gürrüňlerde köp adamlar ýurtdaky agyr ýagdaýyň we gorkynyň berk ornaşan atmosferasy barada gürrüň edýärler.
Şu günki Çeçenistan
5
Binanalaryň birinde "Ramzan, Groznyý üçin sag bol!" diýen neon ýazgy ýerleşdirilipdir.
6
Musulman adamlar Groznynyň merkezindäki metjide juma namazyna barýarlar.
7
"Çeçenistanyň kalby" atly metjitde adamlar juma namazynyň başlanmagyna garaşýarlar.
8
Çeçenistanyň Itum-Kale obasynda bir polisiýa işgäri Yslam dininiň alamatlary hasaplanýan - ýyldyz we ýarym aý nyşanly ýüzük dakynypdyr.