Çeçenistanyň paýtagty Groznyda az hem bolsa urşuň alamatlary saklanyp galypdyr. Soňky onýyllygyň dowamynda bolup geçen uruşlarda Çeçenistanyň ençeme ýerlerine zeper ýetdi. Reuters habar gullugynyň suratçysy Maksim Şemetowyň taýýarlan fotosergisinde Çeçenistanyň gaýtadan gurlan köçelerini, täsirli täze binalaryny, şeýle-de respublikanyň lideri Ramzan Kadyrowyň we onuň kakasy Ahmad Kadyrowyň şahsyýet kultuna bagyşlanan suratlary synlamak bolýar. Ýöne ýekebaralykda bolýan gürrüňlerde köp adamlar ýurtdaky agyr ýagdaýyň we gorkynyň berk ornaşan atmosferasy barada gürrüň edýärler.
Şu günki Çeçenistan
9
Groznynyň garbanyşhanalarynyň birinde aýallar özara gürrüň edýärler.
10
Durmuş toýy dabarasynda aýallar tansçylara tomaşa edýärler.
11
Çeçenistanyň Gorýaçewodsk obasynda iki adam kapasanyň içinde göreşýär. Arka fonda respublikanyň ozalky lideri Ahmad Kadyrowyň suratyny görmek bolýar.
12