Çeçenistanyň paýtagty Groznyda az hem bolsa urşuň alamatlary saklanyp galypdyr. Soňky onýyllygyň dowamynda bolup geçen uruşlarda Çeçenistanyň ençeme ýerlerine zeper ýetdi. Reuters habar gullugynyň suratçysy Maksim Şemetowyň taýýarlan fotosergisinde Çeçenistanyň gaýtadan gurlan köçelerini, täsirli täze binalaryny, şeýle-de respublikanyň lideri Ramzan Kadyrowyň we onuň kakasy Ahmad Kadyrowyň şahsyýet kultuna bagyşlanan suratlary synlamak bolýar. Ýöne ýekebaralykda bolýan gürrüňlerde köp adamlar ýurtdaky agyr ýagdaýyň we gorkynyň berk ornaşan atmosferasy barada gürrüň edýärler.
Şu günki Çeçenistan
13
Çeçen janköýerleri "Terek Grozny" futbol toparynyň oýnuna tomaşa edýärler.
14
Ýaş oglanlar adamlaryň namaza durşuny synlaýarlar.
15
Groznynyň Yslam uniwersitetiniň talyp gyzlary Şerigat sapagynda.
16
Argun Gorgedäki bir metjit