Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-latyş biznes forumy geçirildi


Sişenbe güni Latwiýanyň prezidenti Andris Berzinşiň Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabatda türkmen-latyş biznes forumy-da gurnaldy.

Bu foruma Latwiýa tarapyndan döwlet we hökümet resmileri bilen birlikde, öňdebaryjy hususy kompaniýalaryň-da otuzdan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan tarapyndan bolsa oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň we Senagatçylar we telekeçiler Birleşiginiň wekilleriniň gatnaşandyklary habar berilýär.

Maglumata görä, bu forumda taraplar Türkmenistan bilen Latwiýanyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada pikir alşypdyrlar.

Onda, esasan hem, logistika, tranzit, derman senagaty, informasiýa tehnologiýasy, oba hojalygy, gurluşyk we energetika ýaly pudaklar boýunça hyzmatdaşlyklaryň aýratyn üns merkezinde bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG