Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir: Röwşeniň meselesine ABŞ hem goşulmaly


Röwşen Ýazmuhammedow
Röwşen Ýazmuhammedow
Çarşenbe güni Aşgabatda “ÝB-Türkmenistan: adam hukuklary boýunça dialog” atly gepleşikleriň nobatdaky tapgyry geçdi.

Mundan öň düýbi Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasy ýewropa resmilerine ýüzlenip, Aşgabatda geçiriljek bu gepleşiklerde Azatlyk Radiosynyň tussag edilen habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň meselesini-de gozgamaklyga çagyrdy.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, ÝB-niň resmileriniň Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly geçiren gepleşiklerinde Röwşeniň meselesiniň gozgalyp-gozgalmandygy barada habar barmy?

Ýohan Bir: Ýok, gynansak-da, ýok. Biz geçirilýän gepleşikleriň mazmuny barada has köp maglumat almaga synanyşanymyzda, gepleşikler eýýäm başlanypdy. Gynansak-da, gepleşikleriň dowamynda siziň kärdeşiňiz Röwşen Ýazmuhammedowyň meselesiniň gozgalyp-gozgalmandygyny anyklap bilmedik.

Azatlyk Radiosy: Siziň Ýewropa resmilerine ýüzlenip ýaýradan beýanatyňyza nähilidir bir jogap boldumy?

Ýohan Bir: Ýok, Ýewropa häkimiýetlerinden jogap bolmady. Emma, adatça bolşy ýaly, biz geçiriljek duşuşyklaryň öňünden özümiziň pozisiýamyzy belli edip, resminamalary hödürleýäris. Emma biziň “munuň bilen çäklenjekdigimizi” aýtmak ýalňyş bolar.

Biz Türkmenistanda metbugat azatlygynyň nähili pajygaly ýagdaýdadygyny, Röwşen Ýazmuhammedowyň meselesiniň hem 15-nji maýda geçen maslahatda gozgalyp-gozgalmandygyny anyklamak üçin tagalla ederis. Biz Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlygyny ÝB-niň resmilerine ýetirmek üçin işlemegi dowam etdireris.

Ýaňy hem aýdyşym ýaly, biz bular bilen çäklenmeris. Her nähili hem bolsa, Ýewropa resmileriniň Röwşen Ýazmuhammedowyň meselesini gozgap-gozgamandygyny anyklajak bolarys.

Azatlyk Radiosy: Röwşen bilen bagly başga nähilidir bir çäreleri göz öňünde tutýarsyňyzmy?

Ýohan Bir: Biz Röwşeniň meselesini ABŞ-nyň Senatynda we Kongresinde gozgamakçy. Mundan soň ýagdaýlaryň üýtgemegi mümkin. Eger-de siziň beýleki bir habarçyňyz Döwletmyrat Ýazgulyýewiň meselesini hem ýada salsak, ol ABŞ-nyň Senaty tarapyndan edilen beýanatdan soň gysga wagtyň içinde azat edilipdi.

Şol beýanatyň anyk näderejede möhüm rol oýnandygyny, elbetde, doly ynam bilen aýtmak kyn. Ýöne, her halda bu meselede ABŞ tarapyndan hem hereket gerek.
XS
SM
MD
LG