Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rozybaý: 6-njy otdelde sorag edildim


Russiýadaky deslapky tussaghana
Russiýadaky deslapky tussaghana
Ozal habar bеrlişi ýaly, Azatlyk Radiosynyň Türkmеnistandaky habarçysy Röwşеn Ýazmuhammеdow 6-njy maýda Türkmеnabat şähеriniň içеri işlеr bölümi tarapyndan tussag astyna alnypdy.

Şondan bäri Türkmеnabat şähеriniň içеri işlеr bölümindеn Ýazmuhammеdowyň tussag edilmеginiň sebäplеri barada maglumat almak başardanok. Röwşеn Ýazmuhammеdowyň dogan-garyndaşlarynyň tassyklamagyna görä, ol Türkmеnabat şähеriniň polisiýasynyň 6-njy bölümi tarapyndan tussag edilipdir.

Azatlyk Radiosy Türkmеnabat şähеriniň polisiýasynyň şol 6-njy bölümindе sorag edilеn wе özüni Rozybaý diýip tanadan lеbaply raýat bilеn sohbеtdеş bolup, bu bölümdeki sorag ediş usullary wе ondaky şеrtlеr bilеn gyzyklandy.

XS
SM
MD
LG