Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly bosgunlar Albaniýa ugradyldy


Penşenbe güni Yrakda bosgunlykda ýaşaýan “Mujahedini Halk” hereketiniň agzalarynyň bir topary Yrakdan Albaniýa ugradyldy.

Bu barada ýaýradan beýanatynda BMG-niň ýörite wekili Martin Kobler bu waka Yrakdaky eýranly oppozisionerleri beýleki ýurtlara ugratmak ugrunda ädilen möhüm ädim hökmünde baha beripdir.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Albaniýanyň hökümetiniň “Mujahedini Halk” hereketiniň agzalaryndan 210-syny kabul etmek barada gelen kararyna öz minnetdarlygyny bildirdi.

Eýran-Yrak urşy ýyllarynda Saddam Husseýniň režiminiň tarapynda çykyş eden eýranly “Mujahedini Halk” hereketiniň agzalaryndan 3 müňden gowragy häzirki wagt Yragyň paýtagtynyň golaýynda bosgunlar lagerinde ýaşaýar.

Birleşen Milletler Guramasy eýranly bu bosgunlary Yrakdan beýleki ýurtlara ugratmak meselesi boýunça häzirki wagt käbir ýurtlaryň häkimiýetleri bilen gepleşik alyp barýar.
XS
SM
MD
LG