Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz we özbek ýaşlary çaknyşdy


Gyrgyzystanyň Jelalabat oblastynyň Ala-Buka raýonynda gyrgyz we özbek ýaşlarynyň bir toparynyň arasynda ýüz beren çaknyşyklaryň yzy bilen, anna güni ýerli häkimiýetler ol ýerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler.

Ala-Buka raýon polisiýa edarasynyň başlygy Mälik Nurdinow Azatlyk Radiosyna beren interwýýusynda gyrgyz we özbek ýaşlarynyň arasyndaky bu çaknyşygyň penşenbe güni giçlik şu raýonyň Safid-Bulan obasynda ýüze çykandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu wakada çaknyşyga gatnaşan ýaşlardan birnäçesi ýaralanypdyr we biri keselhana düşüpdir.

Mälik Nurdinow häzirki wagt bu waka boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygyny aýtdy. Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jelalabat we Oş oblastlarynda 2010-njy ýylda uly gerimde etniki çaknyşyklar ýüze çykypdy. Şol çaknyşyklarda azyndan 447 adam ölüp, müňlerçe adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG