Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG bilen Orsýet Siriýany maslahat etdiler


Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon, Soçi, 17-nji maý, 2013.
Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon, Soçi, 17-nji maý, 2013.
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirdi. Orsýetiň Soçi şäherinde geçirilen bu duşuşygyň üns merkezindäki meseleleriň biri Siriýadaky krizis bilen bagly boldy.

Anna günki duşuşygyň yz ýanyndan geçirilen metbuagt konferensiýasynda Ban Ki-Moon krizis bilen bagly çäre görmek prosesinde pursaty elden bermezligiň örän möhümdigini nygtady. Ban Ki-Moon Sergeý Lawrowyň we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Siriýadaky ýagdaý boýunça halkara konferensiýasyny geçirmek barada ýakynda eden bilelikdäki çagyryşyny goldaýandygyny aýtdy we şeýle duşuşyk “mümkin boldugyndan tiz geçirilmeli” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Siriýa boýunça konferensiýa

Sergeý Lawrow siriýalylaryň konfliktdäki taraplardan wekil saýlamaklarynyň örän wajypdygyny belledi.

Orsýetiň daşary işler ministriniň sözlerine görä, Siriýada bir-birine garşy çykyş edýän taraplaryň halkara konferensiýasyna gtnaşmaga kimiň taýýardygyna düşünmek zerur, şeýle-de Siriýadan başga ýurtlaryň arasyndan bu çärä gatnaşyjylary hem kesgitlemek möhüm.

Lawrow Siriýa boýunça konferensiýa “terrorçylykly” hereket edýän toparlar gatnaşdyrylmaly däl diýip belledi. Lawrowyň pikirine görä, Siriýanyň goňşulary, şol sanda Eýran parahatçylyk ugrundaky ähli konferensiýalara gatnaşmaly. Lawrow geosyýasy garaýyşlaryň konferensiýany taýýarlamak we geçirmek işine Eýranyň gatnaşmagyna hiç hili päsgelçilik döredilmeli däldigini belledi.

BMG-niň derňewi

Ban Ki-Moon we Lawrow Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagy bilen bagly wakalar boýunça BMG-niň ýolbaşçylygynda derňew geçirilmegine çagyrdylar.

Ban Ki-moon Allepo şäheriniň golaýynda himiki ýaraglaryň ulanylmagy barada bar bolan çaklamalary barlamak üçin BMG-niň derňewçi toparynyň ýurda goýberilmeýändigine aladalanma bildirdi.

Lawrow Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümeti halkara derňewçileriň meseläni derňemeklerine rugsat berjegini duýdurandygyny habar berdi.

Ban Ki-Moon we Lawrow möhüm halkara meseleleriniň ýene birnäçesini maslahat etdiler, şol sanda Ýakyn Gündogardaky parhataçylyk prosesi, Owganystandaky ýagdaý we Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlylyk barada-da pikir alyşdylar.

BMG-niň Baş sekretary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen hem duşuşdy.
XS
SM
MD
LG