Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olland geý nikasyny kanunlaşdyrdy


Şenbe güni Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland gomoseksualistleriň bir jynsdaky nikalaryna rugsat beriji täze kanuny gutarnykly tassyklap, oňa gol goýdy.

Şeýlelikde, Fransiýa dünýä boýunça gomoseksualistleriň nika baglaşmaklaryna rugsat berýän 14-nji ýurt boldy, Ýewropada bolsa ol 8-nji ýurt.

Prezident Ollandyň bu kanuny tassyklamazyndan öň Fransiýada kanunyň taslamasyna garşy yzygiderli protest demonstrasiýalary geçirildi.

Emma anna güni Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi bir jynsdan bolan raýatlaryň resmi nika baglaşmaklarynyň konstitusion prinsiplere garşy gelmeýändigini hem-de munuň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklerindäki bir çäredigini tassyklap, karar çykardy.
XS
SM
MD
LG