Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistlere hüjüm etmekde aýyplanýanlar tussag edildi


Kiýewde žurnalistlere hüjüm edilýär. Ukraina. 18-nji maý, 2013 ý.
Kiýewde žurnalistlere hüjüm edilýär. Ukraina. 18-nji maý, 2013 ý.
Öten şenbe güni Kiýewde žurnalistler Olha Snitsarçuk bilen Wadim Sodelini urup-ýenjenlikde güman edilýän bir adam tutuldy.

Kanun çykaryjylar içeri işler ministri Witaliý Zaharçenkodan bu waka barada özlerine maglumat bermegini soradylar.

Ukrainanyň içeri işler ministri Witaliý Zaharçenko
Ukrainanyň içeri işler ministri Witaliý Zaharçenko
Zaharçenko sişenbe güni parlamente bu işde güman edilýän Wadim Tituşko huligançylykda günä bildirilýändigini aýtdy. Ministr şeýle hem häkimiýetleriň güman edilýän beýleki adamlary hem gözleýändigini bildirdi.

"Olha Ýurýewna [Snitsarçuk] hut özüm söz berýärin, kanuny goraýjy güýçler seniň konstitusion hukuklaryňy täzeden dikeldip, jogapkär adamlary sud öňüne getirmekde elden gelenini ederler" diýip, Zaharçenko aýtdy.

Şenbe güni bir topar atletik adamlar Kiýewde oppozisiýanyň "Galkyn, Ukraina" atly ýygnanyşygy gidip durka oppozision aktiwistlere hüjüm etdiler we şonda ençeme aktiwist, şol sanda iki žurnalist ýaralandylar.

Merkezi Kiýewde bolan ”Kanal 5” telekompaniýasynyň habarçysy Snitsarçuk Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna öz adamsy, Orsýetiň "Kommersant" gazetiniň žurnalisti Wadim Sodeliň özüniň mundan-da has beter ýenjilmeginiň öňüni alandygyny aýtdy: "Men ähli zady [mobil] telefonymda video alypdym. Olar gelip, biziň üstümize suw sepdiler, üstümize tüýkürdiler. Hemmesi hem sogünç bilen edildi. Soňra bizi ýere ýykdylar. Meniň elime urdular, telefon bölek-bölek boldy. Adamym üstüme gerilse-de, ençeme gezek ýüzüme, garnyma urdular".

Protestler

Duşenbe güni onlarça žurnalist Kiýewde protest geçirip, hüjümçileriň sud jogapkärçiligine çekilmegini talap etdiler.

Hüjümçileriň biriniň Tituşkodygyny tanan žurnalistler ony bu wakadan öň hökümetiň tarapy çalnyp geçirilen ýygnanyşyklarda görendiklerini aýdýarlar.

Tituşko duşenbe güni internetde bir wideo ýerleşdirip, özüniň bu waka bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy. Ýöne žurnalistler şenbe günki ýygnanyşykdan düşürilen suratlary ýaýratdylar. Bu suratlarda Tituşkonyň aktiwistlere hüjüm edýäni görünýär.

Snitsarçuk hüjüm edilen pursaty gapdaldan muny synlap duran polisiýanyň özüne kömek etmändigini aýtdy: "Polisiýanyň bolýan ähli zatlara bir çetden seredip durmagy bu işler olaryň goramagy bilen bolýar diýen täsir galdyrdy".

Oppozision kanun çykaryjylar polisiýanyň ara düşmändigi barada düşündiriş talap etdiler.

Ýöne Zaharçenko sişenbe güni parlamentde polisiýanyň özüni professionallarça alyp barandygyny aýtdy: "Men bir zady nygtamakçy. Şular ýaly gapma-garşylykly syýasy garaýyşly adamlaryň gatnaşýan ýygnanyşyklarynda polisiýa, umuman, kanun boýunça özüne berlen ygtyýarlyklara laýyk hereket edýär".

Žurnalistleri goramak baradaky komitet bilen birlikde "Freedom House", hüjümi ýazgaryp, ukrain häkimiýetlerini ýagdaýy derňemäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG