Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly Sadyk: "Arzuwym türkmeniň ösmegi"


Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly
Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly
Magtymgulynyň hatyrasyna dünýäniň dürli ýerinde ýaşaýan türkmenler ýatlama, şygyrýet, sungat hem medeniýet çäreleri geçirýärler. Dünýä türkmenleriniň arasynda Magtymgulynyň eserleri dillerde dessan bolup ýaňlanýar.

Magtymguly hemişe hemmeleriň hakydasynda. Türkmenler, Magtymgula bolan sarpasyna öz maşgalasynda onuň ady ýaňlanyp durar ýaly öz çagalaryna onuň adyny dakýarlar. Şeýle türkmen maşgalasynyň biri hem Owganystan Türkmenleriniň meşhur Sadyk bagşysynyň maşgalasy. Sadyk bagşy Magtymgulyň adynyň halkyň hakydasynda ýaňlanyp durmagy üçin öz ogluna Magtymguly adyny goýupdyr.

Azatlyk Radiosy, Magtymguly günleriniň geçirilýän şu günlerinde Sadyk bagşynyň sazanda ogly Magtymguly Sadyk bilen söhbetdeş bolup, ondan Owganystanda Magtymguly günleriniň geçirilişi, ýaşlaryň Magtymgula bildirýän gyzyklanmasy we onuň öz durmuşy barada maglumatlar aldy.

Azatlyk Radiosy: Magtymguly Sadyk näme üçin siziň adyňyz Magtymguly?

Magtymguly Sadyk: Ilki bilen Azatlyk Radiosy diňleýjilerine es-salowmaleýkim diýip söze başlamak isleýärin. Kakam, ýagny atam birinjiden Magtymguly adyny örän ýagşy görensoň, ikinjidenem hezreti Magtymgulynyň adynyň türkmen dünýäsinde hemişe ýaňlanyp durmagy üçin öz oglunyň adyny Magtymguly goýmany makul bilipdir. Atam bagşy bolany üçin Magtymgulynyň şygyrlarynyň hemmesini bilip, şolara aýdym aýdyp, saz çalýany üçin şeýle ady saýlap alypdyr.

Azatlyk Radiosy: Kakaňyzyň, ýagny ataňyzyň ady näme we haçandan bäri bagşyçylyk bilen meşgullanýar?

Magtymguly Sadyk: Atam ýaşlygyndan bäri bagşyçylyk bilen meşgullanypdyr. Oňa Owganystan türkmenleriniň arasynda Sadyk bagşy diýýärler. Ol Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý şäherinde ýaşaýar. Kakam on bir ýyl Ödeniýaz Nobata şägirtlik eden. Ondan soňam hemişe bagşyçylyk bilen meşgullanan. Şol sebäpden meniň hem içimde şeýle höwes döräp, dutar çalmany öwrendim. Men dutarda diňe saz çalýaryn.

Owganystanly türkmen Sadyk Bagşy (sagdan ikinji) we onuň dostlary
Owganystanly türkmen Sadyk Bagşy (sagdan ikinji) we onuň dostlary

Azatlyk Radiosy: Ödeniýaz Nobatyň şägirdi bolan kakaňyz Sadyk bagşy Türkmenistana nähili gidip-gelipdir, ýagny ondan dutary nähili öwrenipdir?
Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda arkaýyn gidip-gelip bolýarmy?


Magtymguly Sadyk: Mundan ýigrimi-otuz ýyl owalky ýagdaý barada söz açylanda şol wagt Türkmenistan we Owganystan türkmenleriniň arasynda aňsat gatnaşyklar bar ekeni. Anyk nähili bolanyny bilemok. Sebäbi men ol wagtlar gaty ýaşdym. Kakam dagy Türkmenistan tarapyna gidip gelýär ekeni.

Şol döwürde iki tarapyň türkmenleriniň aragatnaşyklary has gowy ekeni. Haly söwdasy bar ekeni. Tigir söwdasyny hem edýär ekenler. Şeýdip söwda işleri bilen meşgullanyp Türkmenistan tarapa gatnap ýörkä kakam ol ýerde Ödeniýaz Nobat bilen tanyş bolupdyr. Ondan soň şägirtlige höwes edip, on bir ýyl Ödeniýaz Nobat bilen bile dutar çalypdyr.

Azatlyk Radiosy: Kakaňyz ýagny ataňyz Sadyk bagşy şu wagt bagşyçylyga hem dutara dowam edýärmi?

Magtymguly Sadyk: Atam Sadyk bagşy birinjiden Owganystanda kän türkmen bagşy galmandygy üçin, ikinjiden muňa ýaşlaryň höwesi az bolany üçin o diýen kän sungat işini alyp baryp bilenok. Diňe dostlary gelen mahaly bagşyçylygyny görkezýär, ýatlaýar diýäýmeseň.

Azatlyk Radiosy: Owganystanda toýlarda hem-de dabaralarda türkmen bagşy aýtdyrylanokmy?

Magtymguly Sadyk: Käbir toýlarda aýtdyrylýar, ýöne hemmesinde diýip biljek däl. Gaty az toýda bolýar diýip biljek.

Azatlyk Radiosy: Onda Owganystanda türkmenleriň toýlarynda nähili bagşylar bolýar?

Magtymguly Sadyk: Owganystandaky türkmenleriň toýlarynda häzir estrada ýyldyzlary bar. Esasy köpçülik şol estrada aýdymçylaryna has köp gyzyklanma bildirýär. Ýaşulylaryň arasynda bolaýmasa, türkmen bagşa kän ýykgyn edilenok. Ýaşulylar üçin käbir toýlarda bir gije türkmen bagşyly oturyşyk edýärler. Gynansagam, Talybanlaryň täsiri netijesinde türkmenleriň arasynda dutar bagşylary gaty azaldy. Olar Talybanlardan gaty gorýarlar. Şonuň üçinem dutar bagşylary ýok diýen ýaly gaty azaldy.

Azatlyk Radiosy: Dutar bagşylary Talybanlardan gorkýan bolsa, onda näme üçin estrada ýörgünli bolýar ýa olar gadagan dälmi?

Magtymguly Sadyk: Estrada bagşylary hem gadagan. Owal iki ugurdan hem az bagşy bolan. Ýöne türkmen bagşylara soňky wagtlarda az gyzyklanma bildirileni üçin olar ýitip barýar.

Azatlyk Radiosy: Magtymguly Sadyk, Owganystan türkmenleriniň arasynda ýaşlar türkmen bagşylaryna höwes bildirenok diýýäňizmi?

Magtymguly Sadyk: Hawa, Owganystan türkmenleriniň ýaşlary dutarly türkmen bagşylara höwes bildirenoklar. Ýaşulylaryň arasynda käwagt türkmen dutar bagşysy bolaýmasa, olar ýörgünli däl gynansagam.

Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly (çepden ikinji) we onuň dostlary
Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly (çepden ikinji) we onuň dostlary
Azatlyk Radiosy: Magtymguly Sadyk siziň pikiriňize görä, Owganystan türkmenleriniň ýaşlary näme üçin türkmen bagşylara şeýle höwes bildirenoklar? Özüňiz hem bir ýaş ýigit we dutar çalyp ýörsüňiz. Siz gyzyklanýaňyz-da näme üçin beýleki Owganystan türkmenleriniň ýaşlary öz dutar bagşylaryna gyzyklanma bildirenoklar, size görä şonuň sebäbi näme?

Magtymguly Sadyk: Meselem, ýylda bir gezek Magtymgulynyň ýygnanşygy bolýar. Ol hem Kabulda şol türkmen geňeşiniň ýa-da Magtymguly jemgyýetiniň gurnamagynda geçiriläýmese, başga ýerde geçirilenok. Ynha, şeýle ýagdaýda Owganystan türkmenleriniň arasynda däp-dessurlar ýitip barýar. Ylaýta-da, türkmen bagşyçylyk sungaty galyp barýar. Türkmen estradasy has öňe saýlanyp barýar. Şonuň üçinem ýaşlar köpräk estrada höwes edýär.

Azatlyk Radiosy: Meselem, Türkmensähra türkmenleriniň arasynda Magtymguly günleri her obadyr-şäherde gezekli gezegine geçirilip, yzygiderli ýatlanyp dur. Owganystan türkmenleriniň arasynda hem şeýle Magtymguly günleri geçirilip, ýatlanýarmy?

Magtymguly Sadyk: Magtymguly Owganystan türkmenleriniň arasynda hem bilinýär. Magtymgulyny gaty uly şahyr, öňdengörüji hökmünde bilýärler. Owganystan türkmenleriniň arasynda gynansagam Magtymguly günleri bellenmeýär. Bellense belki Kabulda bolýar diýäýmeseň. Ol ýere hem her welaýatdan bagşylar ýygnanyp barýar. Dabarada aýdym-saz edýärler we Magtymgulynyň şygyrlaryny okaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Onda, Owganystan türkmenleri diňe Kabulda ýygnanyp, şol ýerde bir gezek Magtymguly günini ýatlap geçýärler şeýlemi?

Magtymguly Sadyk: Hawa, gynansagam diňe şol ýerde belleýärler. Aslynda Owganystan türkmenleriniň hemme obalarynda we şäherlerinde hem Magtymguly günleriniň bellenmegi gerek. Pyragyny ýatlama çäreleri geçirilip durulmasa-da, Owganystan türkmenleriniň arasynda ýaş kiçisi ýa-da ýaşulysy bolsun hemmesi Magtymgulyny tanaýar.

Azatlyk Radiosy: Owganystan türkmenleriniň ýaşlarynyň özara oturyşyklarynda we söhbetdeşliklerinde Magtymgulydan söz açylýarmy?

Magtymguly Sadyk: Owganystan türkmenleriniň ýaşlarynyň arasynda Magtymguly hakda örän az söhbet açylýar. Ýaş kiçiler bir ýerde jemlenip oturyşan mahaly şolaryň ýüzden on böleginden hem azy Magtymguly hakda söz açýandyr.

Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly
Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly

Azatlyk Radiosy: Magtymguly Sadyk, dünýä türkmenleriniň Owganystanda, Pakistanda we beýleki ýurtlarda ýaşaýanlary bilen geçirilýän söhbetdeşliklerde olardan käbirleri türkmençiligi Magtymgulynyň kitaplaryny okap öwrenýändiklerini we saklaýandyklaryny aýdýarlar. Muňä siz nähili baha berýärsiňiz?

Magtymguly Sadyk: Men muňa örän uly baha berýärin. Bu öran oňat ýagdaý. Ýöne Owganystanda şu wagtky durmuş hakykatlary muňa kän gabat gelenok. Häzir okaýan ýaşlarymyz dünýä dillerinde we kompýuter, dünýewi ugurlarda bilim alýarlar. Ýaşlaryň öňegidişlik ýollary hem şoňa görä saýlanyp alynýar. Ýaşlar iňlis diline ýykgyn edýärler we şonda öňe gidip biljekdiklerine ynanýarlar.

Owganystanly türkmen ýaşlaryň Magtymguly we beýleki türkmen şahyrlaryň şygyrlaryndan uzak düşmeginiň sebäbini ynha men munda görýärin. Dogrusyny aýtsam, bilemok Owganystan türkmenleriniň ýaşlary Magtymgulynyň şygyrlaryny okamaga wagt tapanokmy näme. Belki olary okan halatlarynda bir ýere baryp bilmeris diýip pikir edýärlermi dogrusyny biljek däl. Aslynda Magtymgulynyň şygyrlaryny öz okuwlarynyň ýanyndan okap dursalar has gowy bolarmyka diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Siziň “Magtymguly” adyňyzy eşiden mahaly adamlar şoňa nähili duýgydaşlyk bildirýärler? “Magtymguly” adyňyz adamlarda nähili täsir galdyrýar? Şu ýagdaý bilen baglanyşykly başdan geçiren täsin bir wakaňyz boldumy, şony dünýä türkmenleri bilen paýlaşsaňyz?

Magtymguly Sadyk: Köp ýerlere baranymda menden soralanda "Men Sadyk bagşynyň ogly, adym hem Magtymguly“ diýenimde gaty köp adamy oýlandyrýaryn. Beýik şahyrymyzyň adyny göterýän biri hem bar ekeni diýip haýran galyp, guwanýanlar hem bolýar. Adymyň Magtymgulydygyny öwrenenden soň berekella aýdýan hem gaty köp bolýar.

Şu wagt Balh uniwersitetinde ýokary bilim alýan bäş müň ýedi ýüz talybyň arasynda Magtymguly adyny göterýän bir ýeke özüm. Şol uniwersitetiň talyplarynyň arasynda başga Magtymguly atly tapmarsyňyz. Şonuň üçinem Magtymguly diýlende hemmeler meni bilýärler. Çakylyklarda hem Magtymguly adymy eşidip, uly sylag-sarpa goýýanlar bar.

Azatlyk Radiosy: Magtymguly Sadyk siz haýsy ugurdan ýokary bilim alýarsyňyz?

Magtymguly Sadyk: Men hukuk we syýasat boýunça ýokary bilim alýaryn. Men şu wagt 4-nji ýyl talyby. Enşalla, ýene alty-ýedi aýdan soň uniwersiteti gutarýaryn.

Azatlyk Radiosy: Ýokary bilimi tamamlanyňyzdan soň näme etsem diýýärsiňiz? Geljekde nähili planlaryňyz bar?

Magtymguly Sadyk: Bilnişi ýaly, geljekde dünýä türkmenleri hem-de adamzat üçin elimden gelen hyzmatlary etmekçi. Häzirki döwürde ösen tehnologiýanyň internet we kompýuter ýaly mümkinçiliklerinden has gowy peýdalanmakçy. Özümi hasam kämilleşdirmek, ösdürmek üçin elimden gelenini etmekçi.

Azatlyk Radiosy: Bir ýaş sazanda hökmünde geljekde türkmeniň saz ugry boýunça nähili planlaryňyz bar? Kakaňyz Sadyk bagşynyň ýoluny, türkmeniň dutar sungatyny, öz sazandalygyňyzy dowam etdirmeklik geljekdäki planlaryňyzda barmy?

Magtymguly Sadyk: Enşalla bir wagt tapyp bilsem bir ansambl ýagny aýdym-saz topary döretsem diýen umydym bar. Bu ýerde edil häzir dutar öwrenip ýören şägirtlerim bar we geljekde dutar öwrenjekler hem bar. Hat-da şu wagt dört sany dutar şägirdim hem bar. Olar şu wagt dutary gowy çalyp bilýärler. Ýokary okuwy şu wagt okaýan mahalym eger bir aýdym-saz topary açaýsam ikisini bile alyp baryp biljek däl. Ýöne bir zat edip kynam bolsa gyssagly bir ýerden başlamaklyk gerek.

On ýyl mundan ozal Owganystan türkmenleriniň üç sany gowy bagşysy bardy. Pahyrlar ýolda Kabula gidip barýarkalar ulag heläkçiligine uçrap şehit boldylar. Olar bar wagty ýagny mundan on ýyl ozal her gün bolmasa-da her hepde bir ýerde dutarly oturyşyklar bardy. Ynha, şonuň üçinem biziň çagalygymyz dutarly aýdym-sazly oturylşyklarda geçdi. Şondan bäri hem türkmeniň aýdym-sazy biziň ýüregimizde joş urýar. Türkmen aýdym-sazlary biziň gulagymyza siňen. Bir aýdym-sazy gaýtadan eşitmäge gerek ýok. Haýsam bolsa bir sazy eşiden mahalym şol bada sazy alýaryn. Ynha, şonuň üçinem men dutary gaty çalt öwrendim.

Azatlyk Radiosy: Magtymguly Sadyk, siziň dutarda ussatlaryňyz, halypalaryňyz kim?

Magtymguly Sadyk: Dutarda meniň ilkinji ussadym-halypam öz kakam Sadyk bagşy. Ikinji halypam bolsa Anna bagşy. Üçünji halypam hem şol ýol ulag heläkçilginde heläk bolan Eziz bagşy we Eziz Süýtdeş.

Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly (aşakda sagda) we onuň dostlary.
Owganystanly türkmen Sadyk Bagşynyň ogly Magtymguly (aşakda sagda) we onuň dostlary.
Azatlyk Radiosy: Halypam Eziz bagşy diýýäniňiz şol Kabula gidip barýarka ýol heläkçiligine duçar bolup ýogalan üç bagşydan birimi?

Magtymguly Sadyk: Hawa. Eger şol bagşylaryň üçüsem şu wagt ýaşaýan bolsady, onda Owganystan türkmenleriniň arasynda dutarly aýdym-saz gaty ösen ýagdaýda dowam ederdi we her gije diýen ýaly türkmen bagşyly üýşmeleňler bolardy. Olar hemişe halkyň arasynda aýdym-saz edip öz türkmen däp-dessurlarymyzyň dowam etmegine uly goşant goşýardylar. Şol bagşylaryň täsiri bilen hem meniň ýaş ýüregimde dutarda sazanda bolmaga çagalykdan höwes döredi.

Men häzir ýigrimi dört ýaşymda. Men ulalýançam şol bagşylaryň her gijeki aýdym-sazlaryna gatnaşyp geldim. Uly gynanç bilen belläp geçsem, şol bagşylaryň aradan çykmagy bilen Owganystan türkmenleriniň arasynda kän bagşy galmady diýen ýaly. Barjasam eýläk-beýläk dargap gitdiler. Şol sebäpden hem häzir türkmen bagşy ýetmezçilik edýär.

Azatlyk Radiosy: Magtymguly Sadyk, siziň ýaşaýan ýeriňiz Türkmenistana gaty ýakyn. Şol sebäpden Türkmenistandan bir täsir bolanokmy sungat taýdan?

Magtymguly Sadyk: Türkmenistanyň täsiri elbetde bar. Biz Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhetýaka şäheri bolanymyz üçin has köpräk täsiri bar. Türkmenistandan gelip-gidýänler bar. Käbir sungat eserleri bar olary alyp gelýärler. Meselem, Türkmenistandan eginbaşlary getirenlerinde, Owganystan türkmenleri olara meňzedip tikin tikýärler. Telewizorlarda görkezýän zatlarynyň hemmesiniň biziň üstümizde täsirleri bar.

Azatlyk Radiosy: Onda geýilýän eşikleriňiz hem edil Türkmenistandaky ýalymy?

Magtymguly Sadyk: Hawa, geýýän egin-eşiklerimiz şolar ýaly.

Azatlyk Radiosy: Gyzlaryň we gelinleriň eşikleri Türkmenistandakylara meňzeýän bolsa, onda näme ylaýta-da erkek adamlaryňky gaty tapawut edýär we puştun eşiklerine meňzeýär? Owganystan türkmenleriniň arasynda erkek adamlaryň egin-eşigi üýtgäpdir. Magtymguly Sadyk, siz şuňa nähili baha berýärsiňiz?

Magtymguly Sadyk: Owganystan türkmenleriniň arasynda hemme kişiniň Türkmenistan bilen aragatnaşygy ýok. Serhetýakada ýaşaýandygymyz üçin biziň Andhoý şäherimiziň Türkmenistandan alýan täsiri köp. Başga ýerlerdäki Owganystan türkmenleriniň Türkmenistan bilen edil biziňki ýaly gatnaşygy ýok we täsir hem görenoklar. Iň bolman-da Türkmenistanyň kanallaryna tomaşa etmänsoňlar, olar başga eginbaşlara höwes bildiripdirler. Şeýdibem olaryň eginbaşlary üýtgäpdir.

Azatlyk Radiosy: Magtymguly günleriniň dabaralar bilen geçirilip durlan mahaly türkmeniň beýik şahyry hem akyldary Pyragynyň ady dakylan bir ýaş sazanda hökmünde söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä türkmenlerine aýtjak sözüňiz barmy?

Magtymguly Sadyk: Ilki bilen Magtymguly günlerini tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Azatlyk radiosynyň sungat işgärleri bilen has köp söhbetdeşlikler geçirip-durmagyny we olary goldamagyny arzuw edýärin. Şu ugurda meniň özüm hem siziň bilen işleşip uly üstünlikler gazanmagy arzuw edýärin. Arzuwlarymyň bary dünýä türkmenleriniň ösüşi barada.
XS
SM
MD
LG