Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gazagystana çagyryş etdi


Çarşenbe güni “Human Rights Watch” guramasy Gazagystanyň häkimiýetlerini garaşsyz žurnalist we graždan aktiwisti Aleksandr Harlamowa garşy jenaýat aýyplamalarynyň ýatyrylmagyna çagyryp, beýanat ýaýratdy.

Bu barada ýaýradylan beýanatda guramanyň Merkezi Aziýa regiony boýunça wekili Mihra Rittmann “munuň özi häkimiýetleriň parahat tankytçylaryň sesini sem etdirtmek üçin jenaýat işini gozgamaklary bilen bagly ilkinji waka däl” diýip belläpdir.

Žurnalist Aleksandr Harlamow şu ýylyň martynda dünýä dinleri barada ýazan makalasynyň yzy bilen dini ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp, tussag edilipdi.

Aprel aýynda bolsa ol ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky öz dogduk Ridder şäherinden Almaty şäherindäki ruhy hassahana geçirilip, mejbury bejeriş ýagdaýynda galdyryldy.

Žurnalistiň dogan-garyndaşlary oňa bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan aýyplamalar diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG