Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RFE/RL Ýazmuhammedowyň boşadylmagyna reaksiýa bildirdi


Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Pragadaky baş edarasynyň binasy.
Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Pragadaky baş edarasynyň binasy.
Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) ýerine ýetiriji prezidenti Kewin Klos radionyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň tussaglykdan boşadylmagyna hoşallyk bilen reaksiýa bildirdi.

Bu barada radionyň ýaýradan resmi beýanatynda Kewin Klos: “Biz Ýazmuhammedowyň sag-salamatdygyna örän şat. Men onuň tussag edilmegine garşy çykyş eden hem-de onuň boşadylmagy üçin tagalla eden hökümetlere, halkara guramalaryna, media serişdelerine, hökümetden aýry guramalara sag bolsun aýdýaryn” diýip nygtapdyr.

Şeýle hem, Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň ýerine ýetiriji prezidenti Kewin Klos öz resmi beýanatynda: “Biz türkmen hökümetini Röwşeniň tussag edilmeginiň we oňa şeýle çemeleşilmeginiň sebäbini düşündirmeklige hem-de garaşsyz pikirlere ýanamalar we tussag etmeler bilen reaksiýa bildirmegini bes etmeklige çagyrýarys” diýip belläpdir.

RFE/RL-niň resmi beýanatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmeginiň yzy bilen, onuň tussag edilmegine alada bildirip, Ýewropa Bileleşigi, “Amnesty International”, “Human Rights Watch” we “Serhetsiz Reportýorlar Guramasy” ýaly guramalaryň beýanat ýaýradanlyklary-da bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedow şu ýylyň 6-njy maýynda Türkmenabat şäheriniň içeri işler uprawleniýesiniň 6-njy bölümi tarapyndan tussag edilipdi. Onuň tussag edilmeginiň sebäpleri barada Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölümi anyk düşündiriş bermedi.
XS
SM
MD
LG