Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bişkekde protest çäresi gurnaldy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde onlarça adam piket geçirdi.

Protestçiler ýakynda Gyrgyzystanyň demirgazygynda Birleşen Ştatlaryň bir ýangyç daşaýjy uçarynyň ýere gaçyp, partlamagy netijesinde dörän zyýanyň öweziniň dolunmagyny we kompensasiýa tölenmegini talap edip, çykyş etdiler.

Proteste gatnaşyjylar esasan Gyrgyzystanyň Çuý oblastynyň ýaşaýjylary, oppozision Ýaşyllar partiýasynyň hem-de Halk watançylar hereketiniň agzalary.

Olar amerikan uçarynyň ýere gaçyp, partlan ýeriniň töwereklerinde oba hojalyk ýerleriniň ekin üçin ýaramsyz ýere öwrülendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG