Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: “Siriýanyň hökümeti gepleşiklere razy”


Anna güni Orsýetiň Daşary işler ministrligi Siriýanyň häzirki resmi hökümetiniň oppozisiýa bilen bilelikde gurnaljak halkara konferensiýasyna gatnaşmaga, umuman, öz razylygyny berendigini mälim etdi.

Emma Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandr Lukaşewiç Siriýanyň oppozisiýasynyň pozisiýasynda aýdyňlygyň ýoklugyny aýdyp, edil häzirki wagt beýle konferensiýanyň gününi kesgitlemekligiň mümkin däldigini belledi.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy Başar al-Assadyň režiminiň agzalary bilen geçirilmegi göz öňünde tutulýan geljekki konferensiýa gatnaşyp-gatnaşmazlyk meselelerini Türkiýäniň Stambul şäherinde ara alyp maslahatlaşmagyny dowam etdirýär.
XS
SM
MD
LG