Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni bolar


Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň 25-nji maýyny Aşgabat şäheriniň güni hökmünde belläp geçmek barada permana gol çekdi.

Bu baradaky permanda munuň maksadynyň “Türkmenistanyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimdäki işleri dünýä derejesinde propogandirlemekden, Aşgabadyň syýasy, sosial-ykdysady we medeni merkez hökmündäki halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokary götermekden” ybaratdygy bellenilýär.

Prezidentiň permanynda Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň gününi her ýylyň 25-nji maýynda ýokary guramaçylyk derejesinde belläp geçmeklik barada tabşyryk hem berilýär.
XS
SM
MD
LG