Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa gepleşiklere taýýardygyny aýdýar


Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti geljek aý Ženewada geçiriljek halkara konferensiýa gatnaşmaga özüniň razydygyny aýtdy.

Bu barada ýekşenbe güni Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem Bagdatda Yragyň daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda beýanat etdi.

Ol Siriýanyň dürli toparlarynyň wekillerini öz içine aljak şeýle halkara konferensiýasynyň Siriýadaky konfliktlere çözgüt tapmak üçin gowy mümkinçilik boljakdygyny aýtdy.

Siriýanyň daşary işler ministri ýekşenbe güni öňünden resmi ýagdaýda yglan etmezden Bagdada sapara bardy. Bu saparynyň barşynda onuň Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mäliki bilen-de gepleşik geçirjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG