Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa garşy embargo ýatyrylmakçy


Orýetiň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrowyň we Jon Kerriniň Siriýada parahatçylygy ýola goýmak baradaky konferensiýada duşenbe güni Pariž şäherinde duşuşmagyna garaşylýar.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem hökümetiň halkara konferensiýasyna gatnaşmaga umuman taýýardygyny habar berdi.

Siriýada hökümete garşylyk görkezýän raýatlaryň bu konferensiýa gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada hiç hili maglumat ýok.

Fransiýanyň garşylyk bildirmegi sebäpli, Eýranyň hem bu duşuşyklara gatnaşjakdygy sorag astynda galýar.

Düýbi Liwanda ýerleşýän şaýy “Hezbulla” söweşijileriniň hökümeti goldamak üçin bu çaknyşyklara gatnaşyp başlany bäri ýagdaý has hem dartgynlaşdy.

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministleriniň duşenbe güni geçiriljek konferensiýasynda Syriýada oppozision güýçleriň ýarag edinmegine böwet bolýan embargony ýatyrmak barada maslahat ediljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG