Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sammers Ýewropa “uzak ýol” geçmeli, ABŞ öser diýýär


Professor Lorens Sammers
Professor Lorens Sammers
Lorens Sammers öz nesliniň iň bir meşhur ykdysatçylarynyň biri hasaplanýar. Ol 1980-nji ýyllaryň başynda Harward uniwersitetiniň tarhyndaky iň ýaş professorlaryň biri bolupdy. Şondan bäri onuň tanymallygy gitdigiçe ýokary galdy. Ol 1990-njy ýyllaryň başynda, prezident Bil Klintonyň ykdysady toparyna goşulmazyndan öň, Bütindünýä bankynyň baş ykdsatçysy boldy. Sammers Klintonyň prezidenliginiň ahyrynda Birleşen Ştatlaryň Gazna sekretary boldy. Soňra ol Harward uniwersitetiniň prezidenti boldy we, käbir gapma-garşylyklar sebäpli, 2006-njy ýylda bu wezipesinden çekildi. Ol bu ýerden Ak tama dolanyp geldi. Milli ykdysady geňeşiň direktory hökmünde, ol prezident Barak Obamanyň ykdysady stimul planynyň esasy arhitektorlarynyň biri boldy. Bu plan prezident adminstrasiýasynyň 2000-nji ýylyň ahyrynda durgunlyga garşy görmeli çärelerini özünde jemläpdi. Sammers 2011-nji ýylda Harward uniwerstindäki professorlyk işine dolanyp geldi. 58 ýaşly professor Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ýewro zonasynyň öňündäki synaglaryň ýeňil däldigini, Ýewraziýa Bileleşiginiň bir topar potensial päsgelçilikden geçmeli boljagyny duýdurýar, şol bir wagtda ol Birleşen Ştatlaryň ykdysady geljeginiň gowy boljagyny çaklaýar.

Azatlyk Radiosy: Şu aýyň başlarynda Ýewropa Bileleşiginiň statistika gullugy Ýewrostat Bileleşigiň ykdysadyýetiniň 2013-nji ýylyň başky üç aýynda rekord derejede yzygider peselişini görkezýän maglumatlary çap etdi. Durgunlygyň bir gyrasynda yraň atyp durmak bu kontinentiň täze “kadalylygymy”?

Lorens Sammers: Men bu Ýewropa üçin örän uzak ýol diýip pikir edýärin. Bir pul birligi sistemasynyň özüne mahsus kynçylyklary bolýar we bu ýagdaý walýuta kursuny, merkezi salgyt sistemasyny düzgünleşdirmeklige hem-de biziň Birleşen Ştatlaryň içindäki harç ediş usullarymyzdaky ýaly düzedişlere ýol bermeýär. Ýewro zonasynyň gyrak-bujaklaryndaky bäsdeşligi, konkurensiýany dikeltmek wezipesi ýeňil-elpaý iş däl. Onsoň bu ýerde örän uly struktura meseleleri hem bar. Şol bir wagtda men Ýewropanyň Merkezi bankynyň prezidenti Mario Draginiň eden işlerine uly hormat goýýaryn, şol işler sebäpli bu ýerde uly maliýe töwekgellikleri ozalkysyndan mazaly azaldy diýip pikir edýärin. Emma ösüş üçin perspektiwalar haýallygyna galýar ýa-da uzak wagt bäri, edil häli-şu güne çenli örän negatiw.

Azatlyk Radiosy: Indi beýleki bir bileleşik barada, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ýewraziýa Bileleşigini döretmek ugrunda tagalla edýär. Bu bileleşik öňki sowet respublikalarynyň bir toparyny bir ykdysady üçegiň astynda birleşdirmegi maksat edinýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçesi bu plana gowuşgunsyz goldaw bildirdi. Käbir tankytçylar bolsa munuň Moskwa tarapyndan öňki Sowet Soýuzynyň bir bölegini gaýtadan yza almaga edilýän synanyşykdygyny aýdýar. Siz bu ýerde Orsýet tarapyndan edilýän synanyşyk üçin nähili amatlylyklar ýa-da päsgelçilikler görýärsiňiz?

Lorens Sammers: Aglaba we köplenç ýagdaýda has açyk söwda gowy zat. Bu kän alyş-çalyş etmäge, kän ýöriteleşmäge ýol açýar, adamlara öz isleýän we zerur harytlaryny has arzan bahadan almaga şert döredýär. Meniň pikirimçe, kapitalyň, ýagny maýanyň we tehnologiýanyň hereketi köplenç ýagdaýda garybrak ýurtlary has abadanlaşdyrmaga kömek edip biler. Men hemişe syýasy çaklama etmäge, beýleki ýurtlar babatda däl, hatda Birleşen Ştatlar babatda hem çaklama etmäge örän ýaýdanýaryn. Emma men döwletleriň arasynda gurulýan saldamly syýasy gatnaşyklaryň özgerdilmegine seresaply çemeleşmeli, şonuň biler bir wagtda häzirki günde aýry-aýrylykda bolan ýurtlary haýsam bolsa bir bileleşige birikdirmek meselesinde hiç bir zorlugyň ýa-da mejburylygyň ýüze çykmagyna ýol bermezlik barada ullakan alada edilmeli diýip pikir edýärin. Şeýlelikde, bu ýerde köp zat detallara bagly, emma biz azat söwda zonasyndaky zatlary umumy bir hökümete meňzeş ýere tarap süýşürdigimizçe, meniň bu ugurdaky aladam ýokarlanar.

Azatlyk Radiosy: Soňky birnäçe ýylda Brazil, Orsýet, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika ýurtlarynda kemala gelýän ykdysady kuwwat barada köp gürrüň edildi. Emma indi käbir synçylar bu ýurtlardaky ösüşiň garaşylyşy ýaly ýokary bolmandygyny aýdýarlar. Siz bu gürrüňi edilýän ýurtlar toparynyň ýakyn ýyllardaky ykdysady geljegi barada näme pikir edýärsiňiz?

Lorens Sammers: Men dünýä ykdysadyýetiniň agram merkezi gündogara we günorta süýşýändir ýa-da bu barada bir mesele bardyr diýip pikir etmeýärin, şeýle-de täze döreýän bazarlar diýilýänleriň döremeginiň dowam etmeginde ilatyň köpelmegi, tehnologiýa alyş-çalyşlary bilen baglylykda bir mesele bar diýip oýlanmaýaryn. Olar senagat dünýäsinde bar bolan ösüşiň hözirini görmegini dowam etdirjege çalym edýär diýip pikir edýärin. Şol bir wagtda geljek onýyllykda Brazil, Hytaý, Orsýet, Hindistan ýaly ýurtlarda soňky onýyllykda bolan çakgan ösüş ýaly ykdysady ilerleme bolar öýtmeýärin. Brazilde ykdysady ösüş prosesiniň depgini haýallady. Orsýet demografiýa, hökümet dolandyryş synaglary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hindistan örän çynlakaý syýasy päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz, ýogsam bu ýurt ykdysady ösüşini çaltlandyrmakda we ösüş depginini saklamakda uly tagalla hem edýär. Hytaý bolsa köp derejede örän saldamly deňagramsyzlyklar döretdi, käbir pudaklarda gaty kän bergi-borç döredi, maýa goýumynda we harçlama arasynda, döwlet eýeçiligi bilen hususy eýeçilik arasynda örän köp deňagramsyzlyk emele geldi, bular gelýän ýyllarda çözülmesi kyn boljak bir topar mesele döreder. Dogry, emele gelýän bazarlar emele gelmegini dowam etdirer, emma olar öňküsinden haýallar. Biz ykdysatçylar we statistikaçylar muny regressiýanyň, gaýtgynlygyň manysy diýip atlandyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Siz prezident Barak Obamanyň soňky ýyllardaky maliýe krizisine garşy görülmeli çäreler boýunça esasy planlaşdyryjylarynyň biri bolduňyz. Siz Obama adminstrasiýasynyň ykdysady dikeldiş ugrundaky tagallalaryna we siziň Ak tamdan gaýdalyňyz bäri gazanylan netijelere nähili baha berýärsiňiz?

Lorens Sammers: Meniň pikirimçe, prezident Obama iş başyna gelende ykdysady syýasat babatda bir düýp alada boldy. Eger siz jemi içerki önümiň ösüş maglumatlaryna seretseňiz, senagat önümçiligi statistikasyna, aksiýa bazaryna, global söwda ölçeglerine syn salsaňyz, ol ýerde 1929-njy ýyldan soňky maliýe krizisine garanda 2008-nji we 2009-njy ýylyň gyşy aralygynda bolan çökgünligiň has çalt depginde bolandygyny görersiňiz. Onsoň bu ýerde ýene bir depressiýa bolarmy diýen sorag ör-boýuna galypdy. Biziň häzirki görýän işsizligimiz bilen razylaşmak ýa kanagatlanmak kyn, ykdysadyýet henizem öz mümkinçiliginden az işleýär, emma ykdysady çökgünligiň öňünden sowulmak we depressiýa ýol bermezlik meselesinde öňde goýlan maksatlaryň köpüsine ýetildi. Obama dikeldiş aktyny goldamak bilen, 1 trillion dollara golaý puly ykdysadyýete goýberip, ykdysady sistemany has açyklaşdyryp, maýanyň netijeli ýatyrylmagyny ýola goýup, batyrgaý hereket etdi we bu işler netije hem berdi. Men prezident Obamanyň has köp inisitiwasyny, mysal üçin onuň infrastratura has köp maýa ýatyrylmagy, bu ugurdaky meseseleleriň kongresden geçmegi barada has köp tagalla etmegini islärdim. Hawa, men şuny islärdim.

Azatlyk Radiosy: Pofessor Sammers, siziňçe, gelýän onýyllykda dünýä ykdysadyýeti üçin iň bir uly töwekgellik nämede bolup biler?

Lorens Sammers: Meniň pikirimçe, dünýä ykdysadyýeti üçin iň uly töwekgellik biziň öňküsi ýaly, isleg-talap azlygyny, harytlara we hyzmatlara bolan talabyň azlygy babatdaky fakty boýun almak, oňa tabyn bolmak islemezligimizi dowam etdirmegimiz bolar, onsoň bu ýagdaý asyryň ahyrynda Ýaponiýada emele gelen durgunlylyk ýaly bir ýagdaýa alyp gelip biler diýip oýlanýaryn. Şonuň ýaly durgunlylyga baryp ýetmek iň uly töwekgellik diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe, paýhasly, seresaply syýasat ýöredilse, munuň ýaly töwekgellikden sowulmak mümkin.

Azatlyk Radiosy: Gelýän onýyllykda dünýä ykdysadyýeti üçin iň uly geň-taňlyk näme bolup biler öýdýärsiňiz?

Lorens Sammers: Meniň pikirimçe, Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiniň köp adamyň pikir edişinden has çalt öňki kuwwatyna eýe bolmak mümkinçiligi bar. Biziň arzan bahaly energiýadan görän peýdamyz kän, öý-jaý pudagy bolsa, hakykatdan hem gowulaşma tarap öwrüldi, bergi-borç azaldy, maliýe-hasabat syýasatyndaky kemeltmeler öz netijesini berdi. Bu ýerde Birleşen Ştatlaryň ýakyn birnäçe ýylda aşakdan ýokary galmagyna mümkinçilik bar. Biz 1990-njy ýyllarda kuwwatly ykdysadyýetiň defisitleri aşaklatmagy we az defisitleriň ykdysadyýeti güýçlendirmegi netijesinde göterilen belentligimiz ýaly ýokary ilerlemäni görüp bileris.

Azatlyk Radiosy: Harward uniwersiteiniň öňki prezidenti we professory hökmünde, magaryf barada hem bir soraga jogap berseňiz: köp senagat pudaklarynda we durmuş ugurlarynda soňky ýyllardaky tehniki täzelikler zerarly düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Käbirleri bilim pudagynyň bu ýagdaý bilen deňeşdirilende köplenç geşmişe baglanyp galandygyny aýdýar. Siz gelýän ýyllarda tehnologiýanyň dünýä boýunça bilimde döretjek özgerişligi barada näme pikir edýärsiňiz?

Lorens Sammers: Meniň pikirimçe, siz kompýuter tilsimleriniň we tehnologiýasynyň has kän ulanylýandygyny görersiňiz. Bu köpçülikleýin açyk internet kurslarynyň uly geljegi bar diýmekdir. Bu, bir tarapdan, olaryň ozal hiç wagt bolmadyk derejesinde uly we giň köpçülige ýelýeterli boljagyny aňladýar, ikinji tarapdan, ozalkylardan has köp şahsy instruksiýalary elýeterli etjegini aňladýar. Onsoň men bu ýerde ýokary bilimde düýpli özgerişligiň hakyky perspektiwasy we üýtgeşmeler bar diýip pikir edýärin. Haçanda siz rewolýusion özgerişlik bolup geçen senagatlara göz aýlasaňyz, ýanyp duran platforma, ýagny çalasyn özgerişlige mejbur edýän zat bilen ullakan täze mümkinçiligiň goşulyşmagyny görersiňiz. Internet täze mümkinçilik, ýokarlanýan bahalaryň birikmesi, ýokary bilim derejesini alanlar üçin perspektiwalaryň azaldylmagy, jemgyýetçilik býujetlerine edilýän has köp basyş bolsa ýanýan platforma.
XS
SM
MD
LG