Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prawoslaw ruhanylary "özgerişiklere" garşy


Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda prawoslaw aýallar.
Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda prawoslaw aýallar.
17-nji maýda Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside gomoseksuallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän topara gara geýimli birnäçe ortodoks prawoslaw ruhanysynyň hüjüm edenini görenler serpmeden gaýdan ýaly boldular.

Gürjüstanyň resmi prawoslaw buthanasy 17 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan ruhanylaryň bu hereketini ýazgardy. Ýöne, muňa garamazdan, patriarh Ilýa II-nji şeýle yörişleriň Gürjüstanyň medeniýetini "kemsidýändigini" aýdyp, bu wakadan bir gün öň ýurduň ýolbaşçylaryny agzalýan ýörişi gadagan etmäge çagyrypdy.

Gündogar Ýewropanyň çäginde ýerleşýän Gürjüstan, Orsýet, Serbiýa we Moldowa ýaly ýurtlarda ilat öz tarapyndan döwrebaplaşmak we reformalar geçirmek boýunça iş alyp barýar. Şunlukda, şol ýurtlarda aýallaryň, etniki azlyklaryň, gomoseksuallaryň hak-hukuklaryny goramak ugrunda görlüp-eşidilmedik öňegidişikler boldy.

Özgerişikliklere garşy ruhanylar

Olaryň arasyndaky meňzeşliklerden ýene biri-de, umuman aýdylanda, prawoslaw ortodoks ruhanylarynyň şeýle özgerişikliklere böwet bolmagy, syýasy we sosial nukdaýnazardan bolsa konserwatiw güýçleriň şeýle täzelikleri milli medeniýeti ýok etmek maksady bilen daşary ýurtlardan gurnalýan howp diýip düşünmegidir.

Konserwatiw prawoslaw ortodoks ruhanylarynyň çagyryşlaryna gulak asyp, gomoseksuallary goldaýan ýörişlere garşy çykyş eden gürjüstanlylaryň biri Zaza Dawitaliadyr.

Onuň özi bu barada şeýle gürrüň berýär: "Men bu ýerde ýygnanyşanlara öz goldawymy berýärin. Biz Gürjüstanyň ahlagyna we medeniýetine gapma-garşy gelýän ýörişlere garşy. Gomoseksuallaryň hak-hukuklaryny goldap çykyş edýänler daşary ýurtly käbir guramalardan maliýe kömegini alýarlar we olar Gürjüstanyň ahlagyna garşy demonstrasiýalary geçirmek isleýärler".

Serbiýadaky demonstrasiýalar

O diýen howsalaly bolmasa-da, edil şuňa meňzeş ýagdaý şu aýyň başynda Serbiýanyň paýtagty Belgraddada bolup geçdi. Serbiýa bilen Kosowanyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak boýunça Yewropa Bilelşiginiň howandarlygynda gelnen ylalaşyga garşy çykyp, 10-njy maýda 3 müň çemesi adam ýygnanyşyp, protest ýörişini geçiripdi. Milletçi serbler Kosowa Serbiýanyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde garaýarlar. Serbiýada bu demonstrasiýalar iki ortodoks prawoslaw ruhanysy tarapyndan gurnaldy, ýöne patriarh Irineý bu hereketlerden daşda durdy.

Guramaçylardan biri ruhany Atanasiý demonstrantlara ýüzlenip eden çykyşynda häzirki premýer-ministr Iwisa Daçiçiň Ýewropanyň tarapdary, öňki premýer-ministr Zoran Djindjiçiň gününe düşmek howpy bilen ýüzbe-ýüzdügini aýtdy. Jenap Djindjiç öz alyp barýan reforma syýasatyna garşy bolan aşa milletçiler tarapyndan 2003-nji ýylda öldürilipdi.

“Premýer-ministr realistik syýasat barada gürrüň edýändigini aýdýar. Emma ol serbleriň diňe dünýewi gatlagyny öz içine alyp, serbleriň jennete gitmeli gatlagy bilen gyzyklanmaýar. Gynansak-da, Djinjiç hem şular ýaly pikirleri öňe sürerdi. Biz onuň soňunyň nähili gutarandygyny bilýäris. Ýöne biz muny Hudaýyň adalatyna tabşyrdyk. Dini Serbiýa bolmadyk halatynda, dünýewi Serbiýany hem göz öňüne getirip bilmeris." diýip, ruhany Atanasiý aýtdy.

Moldowadaky garşylyklar

Moldowada-da konserwatiw ruhanylar ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak üçin äden käbir ädimlerine, şol sanda adamlary jynsy aýratynlyklary sebäpli kemsitmegi gadagan edýän kanunyň kabul edilmegine garşy çykypdylar.

Dini meseleler boýunça maglumatlary çap edýän “Forum18” habar agentliginiň Moskwadaky habarçysy Geraldina Fogan, dini milletçiligiň XIX asyrda ýazgarylýandygyna garamazdan, munuň prawoslaw ortodoks medeniýetinde giňden ýaýran däpdigini aýdýar. Şeýle-de Tbiliside ýaşaýan dini alym Beka Mindiaşwili ortodoks ruhanylarynyň taglymatynda Günbatara garşy pikirleriň adaty zatdygyny aýdýar we Günbataryň “medeniýetden uzaklaşan halklardygyny” öňe sürýär.

Has takygrak aýdylanda, guramaçylykly dini toparlaryň aglabasy, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda, döwrebaplaşmaga garşy medeni we fundamental gymmatlyklaryny gorap çykyş edip geldiler. Emma Ýewropa barada aýdylanda, bu meselede ortodoks hristianlar ýaly agressiw hereket eden bolmandy.

"Zenanlar öý işi bilen meşgullanmaly"

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurtda iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk garaşsyz guramalary daşary ýurtlaryň agentleri diýip atlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň ortodoks prawoslaw buthanasynyň patriarhy Kiril geçen aýda ýaýradan beýanatynda feminizmiň juda howply zatdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, zenanlar öý işleri bilen gyzyklanmaly. Şeýle bolmasa, maşgala, ýurt, hatda hemme zat weýran bolar diýdi.

Gürjüstan bilen Serbiýa barada aýdylanda, bu ýurtlarda hökümet konserwatiw ruhanylaryň bu hereketine garşy aýak diremäge synanyşýar. Gürjüstanyň premýer-ministri Bidzina Iwanişwili 14-nji maýda eden çykyşynda ýurtda jynsy azlyklaryň-da, olaryň hak-hukuklarynyň-da bardygyny we jemgyýetiň bu ýagdaýa ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişjekdigini nygtady.

Serbiýanyň premýer-ministri Daçiç öz ýaýradan beýannamasynda 10-njy maýda Belgradda geçirilen protestde ortodoks ruhanylarynyň öňe süren pikirleriniň asla kabul ederlikli däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG