Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: ÝB ýarag gadaganlygyny soňlaýar


Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň pitneçilerine ýarag bermeklige girizen gadaganlygyny ýatyrýar.

Emma muňa garamazdan, Britaniýanyň daşary işler sekretary Williýam Heýg heniz prezident Başar al-Assadyň režimini agdarmaga çalyşýan pitneçilere ýarag berip başlamak kararyna gelinmändigini aýtdy.

ÝB-niň gadaganlyk möhleti resmi taýdan maýyň aýagynda soňlanýar. Ýarag gadaganlygy ýatyrylýan hem bolsa, diplomatlaryň aýtmaklaryna görä, ÝB Assad režimini nyşana alýan ähli maliýe-ykdysady sanksiýalaryň ýene bir ýyl uzaldylmagyna razy bolupdyr.

Heýg Britaniýanyň Siriýa gyssagly ýarag ibermek planynyň ýokdugyny, emma indi şeýle zerurlyk bolsa, geljekde bu işi etmek mümkiçiliginiň bardygyny aýtdy.

Britaniýa bilen Fransiýa ýarag gadaganlygyny ýatyrmaklyk barada tagalla etdi, emma Awstriýa we beýleki ÝB agzalary muňa garşy çykdy. Olar bu ädimiň has köp gandöküşiklige getirjegini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG