Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Bişkek sammitine geldi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň näresmi sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkege geldi.

Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere Putiniň sammitiň daşyndan gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew, täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen aýratynlykda duşuşmagyna garaşylýandygyny aýty.

Uşakow sammitde amerikan ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň 2014-nji ýylda Owganystandan çykmaga taýýarlanmagy bilen baglylykda emele geljek ýagdaý barada maslahat edilmegine garaşylýandygyny gürrüň berdi.

Gyrgyz prezidenti Atambaýew duşenbe güni özüniň we täjik prezidenti Rahmonyň sammitde Orsýeti, Gazagystany we Gyrgyzystany birikdirýän demir ýol gurmaklygy teklip etjegini aýtdy.

Bu demir ýol soň Täjigistana baryp, Owganystana, Türkmenistana, Eýrana we Pars aýlagyna biriger.

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna Orsýet, Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan, Belarus we Ermenistan girýär.
XS
SM
MD
LG