Çeçen lideri Ramzan Kadyrow Federal derňew býurosyny bir etniki çeçen ýigidini esassyz öldürmekde aýyplady.
Ol ýigit Boston marofonynda guralan partlamalarda güman edilýänler bilen ilteşikli diýip hasaplanýar.
Kadyrow duşenbe güni Ibragim Todaşewiň "gowy oglan" bolandygyny, onuň kakasynyň çeçen paýtagty Grozynynyň adminstrasiýasynda işleýän "sylagly adamdygyny" aýtdy.
Adam hukuklaryny basgylamakda aýyplanýan Kadyrow Birleşen Ştatlary hem-de günbatar metbugatyny goşa standartlary ulanmakda aýyplady.
Ibragim Todaşew 22-ji maýda, Floridada Federal derňew býurosynyň agentleri bilen konfrontasiýada atylyp öldürildi.
Ol, aýdylmagyna görä, Boston partlamalarynda güman edilýän Tamerlan Sarnaýewiň ilteşikli bolmagy mümkin hasaplanýan başga bir jenaýaty sebäpli sorag edilýän eken.
Tamerlan Sarnaýew 15-nji aprelde bolan partlamalardan soň öldürildi.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.