Häzirki wagt Serbiýanyň ykdysadyýeti agyr halda bolup, ýurtda işsizligiň derejesi 25%-i hem geçýär. Emma muňa garamazdan, Serbiýada bir pudak ýyldan-ýyla ösüp gelýär. Bu hem – ýarag sektorydyr. Serbiýa ýylda 300 million dollar töwereginde, dünýäniň 40-a golaý döwletine ýarag eksport edýär.
Serbiýanyň ýarag senagaty

1
Kraguýewaç şäheriniň golaýyndaky Zastawa ýarag zawodunyň bir işgäri ýaragy göterip barýar.

2
Zastawa ýarag zowodunyň düýbi 1853-nji ýylda tutulypdy. Ol ikinji jahan urşy döwri, şeýle-de NATO-nyň 1999-njy ýyldaky howa zarbalarynda uly ýitgileri çekipdi. Emma soňky on ýylyň içinde, hökümetiň howandarlygy bilen zawod täzeden guruldy.

3
Serbiýa ýaraglary, aglaba, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna eksport edýär.

4
Ýarag ýasaýan işçi.