Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Siriýa bilen kontrakty ýerine ýetirmekçi


Anna güni Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Orsýetiň Siriýa ýarag satmak baradaky hukuklaryny gorap çykyş etdi. Hususan-da, ol Orsýetiň Siriýa bilen öz arasynda ýarag söwdasy barada bar bolan häzirki kontraktlary doly berjaý etjekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol bu ugurda täze kontraktlaryň baglaşylyp-baglaşylmajakdygy baradaky meseläniň heniz sorag astyndadygyny belledi.

Bu wakanyň öňýany Orsýetiň harby reaktiw uçarlaryny öndüriji kompaniýasy häzirki bar bolan ylalaşyklara laýyklykda Siriýa häzirkizaman söweş uçarlarynyň bir tapgyrynyň beriljekdigini mälim etdi.

Mundan öň bolsa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Liwanyň telewideniýesine beren interwýusynda Siriýanyň Orsýetden “S-300” kysymly howa-goranyş raketalarynyň bir tapgyryny alandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG