Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO owgan sammitini geçirmekçi


NATO ýurtlary geljek ýyl Owganystandan goşun çykarmak meselelerini maslahatlaşmak boýunça sammit geçirmegi planlaşdyrýarlar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama anna güni Waşingtonda NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen duşaşandan soň beýanat etdi.

Birleşen Ştatlar we onuň 28 ýurtdan ybarat NATO ýarany 2014-nji ýylda Owganystandaky söweş goşunlaryny çykarmaga taýýarlanýar.

Obama Rasmusseniň 2014-nji ýyldan soň, owgan howpsuzlyk güýçleriniň netijeli we öz ýurtlarynyň serhetlerini gorap bilmegi, NATO agzalarynyň bu ýurduň geljekde terrorçylyk üçin baza bolmagyna ýol berilmejeginden arkaýyn bolmagy üçin edilmeli işler barada gürrüň edendigini aýtdy.

Rasmussen NATO-nyň Owganystanda 2015-nji ýylda tälim missiýasyny taýýarlaýandygyny aýtdy. 2014-nji ýylda geçiriljek sammitiň ýeri indi kesgitlenmeli.
XS
SM
MD
LG