Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk protestleri köşeşene meňzeýär


Taksim skweri
Taksim skweri
Türkiýäniň Ankara we Stambul şäherlerindäki protestler köşeşene meşzeýär.

Stambulyň merkezindäki Taksim skwerinde, protestleriň gönügen ýerinde, polisiýa şenbe güni giçlik bronly maşynlaryny yza çekeninden soň, ümsümlik döredi. Şondan öň polisiýa Ankarada we Stambulda tapgyr ikinji gün bolýan protestleri ýatyrmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy.

90-dan gowrak aýry-aýry demonstrasiýada 900-den gowrak adam tussag edildi. Saglyk işgärleri Stambuldaky çaknyşyklarda müňden gowrak adamyň ýaradar bolandygyny aýtdylar.

Türkiýäniň içeri işler ministri Muammer Güler şenbe güni giçlik Ankarada žurnalistlere Türkiýedäki demonstrasiýalarda tutulan we ýaralanan adamlar barada şeýle diýdi:

“Dürli şäherlerde 939 adam tussag edildi. Olaryň käbiri eýýäm boşadyldy, beýlekileri bolsa sud seljerişine garaşýar. Protestler mahalynda polisiýa ofiserlerinden 26-sy, asuda ilatdan 53 adam ýaralandy. Olaryň 19-sy Stambuldan. Ýaralananlaryň biri agyr ýagdaýda.”

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan ýekşenbe güni Ankarada öz goldawçylarynyň öňünde çykyş edip, ýurtda hökümete garşy geçirilýän demonstrasiýalar barada şeýle diýdi:

"Gynansak-da, biz soňky birnäçe günde islenilmeýän zatlara, hüjümlere, prowakasiýalara şaýat bolýarys. Biz ýene bir gezek geçmişde hökümetleri gorkuzmak we baş-başdaklyk döredip, demokratiýa garşy interwensiýalara ýol açmak üçin ulanylan gapanlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys."

Stambuldaky nägilelikler geçen hepde, Taksim skwerindäki parkda gurluşyk edilmegine rugsat berýän plana garşy guralan protestlerden soň başlandy.

Polisiýanyň bu ýerdäki protestleri basyp ýatyrmagy Erdogana we onuň yslam kökli Adalat we Galkynyş partiýasyna garşy has giň demonstrasiýalaryň döremegine getirdi.
XS
SM
MD
LG