Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý we Rahmon Türkmenistana geler


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistnyň prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň türkmen böleginiň, Atamyrat-Ymamnazar-Akina uçastogynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar.

Bu habar Türkmenistanyň Ministrler kabnetiniň anna güni geçirilen maslahatynda, daşary işler ministri Reşit Meredow tarapyndan aýdyldy.

Türkmenistanyň baş diplomatynyň tassyklamagyna görä, bu dabara 5-nji iýunda geçiriler.

Şeýle-de, goňşy ýurtlaryň liderleriniň, türkmen prezidenti bilen bilelikde, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Garlyk posýologynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG