Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan protestler barada gürledi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan türklere protestler tarapyndan özleriniň prowakasiýa edilmezligine çagyryş etdi. Ol bu protestleri “ekstremist şahslar” diýip atlandyrýar.

Bu barada Erdogan üç gün dowam eden protestlerden soň, duşenbe güni Stambulda eden çykyşynda aýtdy. Stambulda, Ankarada we beýleki şäherlerde bolan protestlerde, on müňlerçe demonstrant bilen polisiýa çaknyşdy. Şol çaknyşyklarda polisiýa göz ýaşardyjy gazy we suw toplary atdy.

Çaknyşyklar adamlaryň, türk hökümetiniň Stambulyň Taksim meýdanyndaky agaçlary kesmek baradaky planyna garşylyk görkezmegi bilen başlanypdy. Ýöne soňy bilen şol çaknyşyklar tutuş ýurtda hökümete garşy nägilelikleri artdyrdy.

Şeýle-de şol çaknyşyklar, protestçileriň Erdoganyň yslam dini esasly hökümetini zorluk-sütemde aýyplap, onuň Stambuldaky hem-de Ankaradaky ofislerine tarap ýöriş etmegi bilen çaltlyk bilen köpçülige ýaýrady.

Stambulyň Beşitaş etrabyndaky protestçiler, böwetleri galdyrmak üçin, ýol ýodalaryna düşelen daşlary gopardylar, polisiýa hem olara göz ýaşardyjy gaz we suw toplary bilen garşylyk görkezdi.
XS
SM
MD
LG