Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Ýewropada suw joşýar


Çehiýada, Awstriýada we Germaniýada siliň gelmegi we toprak süýşmegi netijesinde azyndan üç adamyň ölendigi habar berilýär. Bu soňky 10 ýylyň dowamynda Merkezi Ýewropa gelen iň güýçli sil hasaplanýar.

Çehiýanyň hökümeti ýurtda adatdan daşary ýagdaý diýip yglan edip, halas ediş tagallalary üçin 33 million kron, ýagny 15 million amerikan dollary maliýe aýyrandygyny aýtdy.

Çehiýanyň häkimiýeti Paragada käbir transport ugurlarynyň gatnawyny togtatdy. Şeýle-de Çehiýanyň paýtagtyndaky taryhy ýerlere sil gelmegiň öňüni almak üçin, Wltawa derýasynyň kenarlaryna böwetler dikildi.

Habar berilmegine görä, Paraganyň günortasynda öýüniň çökmegi zerarly iki adam, Awstriýada toprak süýşmegi netijesinde bir adam heläk boldy.

Germaniýada hem adatdan daşary ýagdaý yglan edilip, Saksoni, Týuringiýa, Bawariýa, Baden-Wýurtemberg şäherleriniň ewakuasiýa edilmegi tabşyryldy.
XS
SM
MD
LG