Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Siriýa barada çykyş etdi


Prezident Wladimir Putin çykyş edip, Russiýanyň S-300 kysymly raketalaryny, entek, Siriýa ugratmandygyny mälim etdi.

Şeýle-de Putin Moskwanyň Siriýanyň režimi bilen alyp barýan ýarag söwdasyny goldady. Ol munuň halkara hukuk kadalaryna gabat gelýändigini belledi.

Ýekaterenburgyň Ural şäherinde eden çykyşynda, Putin ÝB-niň Siriýanyň oppozisiýasyna girizilen ýarag embargosyny ýatyrmagyny hem tankytlady.
XS
SM
MD
LG