Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan gepleşiklere taýýar diýýär


Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasynda birnäçe aý dowam eden dartgynly gatnaşyklardan soň, iki ýurt gepleşikleri geçirmegi kabul etdiler.

Penşenbe güni kommunist liderligindäki Demirgazyk Koreýa Kaesong kompleksiniň gaýtadan açylyşynda Günorta Koreýa bilen gepleşikleri geçirmäge isleglidigini aýtdy.
Agzalýan bu kompleks soňky wagtlarda iki ýurduň arasynda dörän güýçli dartgynlylyklar sebäpli ýapylypdy.

Şeýle-de Demirgazyk Koreýanyň resmi habar agentligi, Phenýanyň iki Koreýanyň serhediniň arasynda aýra düşen maşgala agzalarynyň gaýtadan birleşmegi ýaly gepleşiklere hem açykdygyny aýtdy.

Günorta Koreýanyň resmisi Demirgazyk Koreýanyň gepleşikleri geçirmek baradaky teklibini “oňyn manyda kabul edýändiklerini” aýtdy.

Iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklar, Phenýanyň geçen ýylyň dekabrynda orbita raketa uçarmagy we fewral aýynda ýadro synagyny geçirmegi bilen dartgynlaşypdy.
XS
SM
MD
LG