Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pars halysy $33,7 milliona satyldy


Nýu-Ýork şäherinde XVII asyra degişli pars halysy 33, 7 million amerikan dollaryna satyldy.

"Sotebi" auksion öýüniň aýtmagyna görä, bu haly çarşenbe güni satyn alynypdyr. Onuň alyjysy barada maglumat berilmeýär.

Iňlis dilinde “Clark Sickle-Leaf” diýlip atlandyrylýan halynyň aýratynlyklary üzüm agajynyň murtjagazlaryndan we reňkli güllerden ybarat nagyşlarydyr.

Halyny satan Waşingtondaky Korkoran sungat galereýasydyr.

Satylan bu haly Sefewidler dinastiýasynyň döwrüne degişli bolup, ol 1926-njy ýylda William Klarkyň Korkoran sungat galereýasyna miras galdyran kolleksiýasyndan bir bölekdir. William Klark Senatyň Montanadan agzasy bolupdy.
XS
SM
MD
LG