Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Taksim planyny amala aşyrmakçy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan, hökümete garşy geçirilýän köpçülikleýin protestlere garamazdan, Stambulyň Taksim meýdanyndaky gaýtadan gurmak proýektini hökümetiň durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

Erdogan penşenbe güni Tunisde habarçylaryň öňünde eden çykyşynda, ýurtdaky ýowuz demonstrasiýalara gatnaşanlaryň käbirlerini terrorist diýip atlandyrdy. Erdogan bu pikiriň jikme-jigine girmedi.

Türkiýede hökümete garşy demonstrasiýalar, Stambulyň Taksim meýdanyndaky gaýtadan gurmak proýektine garşylyk görkezilip başlanypdy. Şonda polisiýanyň protestçileri basyp ýatyrmaga synanyşmagy bilen, ol ýurduň Stambul şäherinden, paýtagt Ankara we beýleki şäherlerine ýaýrady.

Erdogan protestleri demokratik däl diýip atlandyryp, ony ekstremistleriň gurnandygyny aýtdy. Muňa garamazdan, onuň orunbasary Bülent Arynç polisiýanyň ulanan zorluklary üçin ötünç sorady.

Çarşenbe güni kärdeşler arkalaşygynyň müňlerçe agzalary hem Taksim meýdanyndaky protestlere goşulyp, aktiwistler Stambulyň, Ankaranyň we beýleki şäherleriň polisiýa ýolbaşçylarynyň wezipelerinden çekilmegine çagyryş etdiler.

Geçen hepdäniň anna güni başlanan protestlerde, häzirki güne çenli üç adam, şol sanda bir polisiýa işgäri ölüp, müňlerçe adamyň, şol sanda polisiýa işgärleriniň hem ýaralanandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG