Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FHG: Siriýada 200 orsýetli söweşýär


Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň başlygy häzir Siriýada "Al-Kaýda" jeňçileriniň tarapynda 200 çemesi orsýetliniň söweşýändigini aýdýar.

Aleksandr Bortnikow penşenbe güni Kazanda geçirilen halkara howpsuzlyk maslahatynda çykyş edip, Siriýada söweşýän ors raýatlarynyň aglabasynyň Demirgazyk Kawkazdaky "Kawkaz emirligi" toparyna degişlidigini aýtdy.

Bortnikow jeňçi toparlar bilen prezident Başar al-Assadyň režimine garşy söweşmäge gidýän orsýetlileriň diňe Orsýet we GDA ýurtlary üçin howp bolman, eýsem ýewropa döwletleri we Amerika kontinenti üçin hem howp bolup durýandygyny duýdurdy.

Bortnikow ol söweşijileriň öz ýurtlaryna dolanyp gelmezlerinden öň tejribe toplajagyny we Demirgazyk Afrikadaky beýleki terror toparlary bilen täze gatnaşyk gurjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG