Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nelson Mandelanyň ýagdaýy agyr


Günorta Afrikanyň öňki prezidenti Nelson Mandela ”Pretoria” hassahanasynda üçünji gijesini geçirdi. Habar berlişine görä, Mandela öýkeninde gaýtadan öjügen infeksiýanyň garşysyna bejergi alýar. Nobel baýragynyň laureatynyň saglyk ýagdaýy hakda hiç hili täze resmi maglumat ýok.

94 ýaşyndaky Mandela dekabr aýyndan bäri dördünji gezek keselhana girýär. Ýekşenbe güni hökümet sözçüsi Mandelanyň ýagdaýynyň, agyr bolsa-da durnuklydygyny aýdyp, onuň özbaşdak dem alýandygyny habar berdi.

Mandelanyň saglygy üçin ýekşenbe güni tutuş Günorta Afrikada doga-dileg edilendigi aýdylýar.

Mandela Günorta Afrikada garaýagyz afrikanlaryň kemsidilmegine garşy alnyp barlan göreşiň çäginde 27 ýyl türme tussaglygynda saklanypdy. Ol öz bendilik döwründe inçekesele uçraly bäri dem alyş ýollaryndaky kynçylykdan ejir çekýär.

Mandela azatlyga çykanyndan soň Günorta Afrikanyň ilkinji garaýagyz prezidenti bolupdy we 1994-1999-njy ýyllar aralygynda hökümete baştutanlyk edipdi.
XS
SM
MD
LG